“Nebit Önümçiligini 100 Müň Barrele Çykarmagy Maksat Edinýäris”

“Nebit Önümçiligini 100 Müň Barrele Çykarmagy Maksat Edinýäris”

Prezident R. T. Erdogan, Gabardaky nebit guýularynda gündelik nebit önümçiliginiň 35 müň barrelden geçendigini nygtap, şol sany 2024-nji ýylyň ahyryna çenli 100 müň barrele çykarmagy maksat edinýändiklerini aýtdy.

Prezident we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy R. T. Erdogan, Zonguldakda Magdançylar ýadigärliginde geçirlen dabarada çykyş etdi.

Gara deňizden çykarylýan tebigy gazyň belli bir bölegini aprel aýyna çenli tölegsiz bermäge dowam etjekdiklerini aýdan Erdogan, gözleg we burawlaýyş işleriniň hem dowam edýändigini ýatlatdy.

Prezident Erdogan, Türkiýäniň energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegi üçin tagalla edýändiklerini belledi.

Gara deňizde tapylan tebigy gazdan soň Şyrnagyň Gabar etrapçasynda hem ýokary hili nebit tapandyklaryny ýatladan Erdogan, “Gabardaky nebit guýularymyzyň gündelik önümçiligi şu gün 35 müň barrelden geçdi. Şol san gün saýyn artýar. 2024-nji ýylyň ahyryna çenli Gabardaky gündelik nebit önümçiligini 100 müň barrele çykarmagy maksat edinýäris” diýdi.

Prezident Erdogan “Halkymyza nebit-gaz pudagy taýdan täze buşlukly habarlary bermegi umyd edýäris” diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Şanlyurfada terrora garşy göreş barada beýanat berdi
Erdogan: "Terrorsyz Türkiye maksadyna ädim-ädim ýakynlaşýarys" diýdi
“PKK/ÝPG-ny Ýakynda Sebitden Kowup Çykararys”
Myhmanhanada Bolan Ýangynda Ýogalanlaryň Sany 78 Adama Ýetdi
Terrorçylar Zehra Sebat Bilen Serhat Erdogan Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Prezident Erdogan Hamasyň Şura Mejlisiniň Başlygyny Kabul Etdi
Erdogan Özbegistanyň we Azerbaýjanyň ministrlerini kabul etdi