Nebit Önümçiligi Azaldylmaga Dowam Ediler

Nebit Önümçiligi Azaldylmaga Dowam Ediler

Nebit eksport edýan ýurtlaryň guramasyna (OPEK) agza we oňa girmeýän käbir öndüriji ýurtlardan ybarat OPEK+ toparyndan Saud Arabystanynyň we Kuweýdiň nebit önümçiligindäki azaltmany ýene-de 3 aý uzaltmak hakynda karar kabul edendigi habar berildi.

Saud Arabystanynyň Energetika ministrliginiň resmilerinden biri önümçiligiň azaldylmagynyň iýun aýynyn ahyryna çenli uzaldylandygyny we günlük 9 million barrel nebit öndüriljekdigini beýan etdi.

Alžiriň Energetika ministrliginden berilen beýannamada hem nebit önümçiliginde edilen azaltma hakynda maglumat berildi.

Alžiriň günlük nebit önümçiligini 51 müň barrel azaltjakdygy, günlük 908 müň barrel nebit öndürjekdigi habar berildi.

Kuweýdiň habarlar gullugy hem meýletin nebit önümçiliginiň azaldylmagynyň iýun aýynyň ahyryna çenli uzaldylandygy mälim edildi.

Russiýanyň ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Aleksandr Nowak hem ýurdunyň meýletin önümçiliginiň we eksport çäklendirilmesini ýylyň ikinji çäýeginde günlük 471 müň barrel artdyrjakdygyny beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Maý Aýyndan Başlap Nebit Önümçiligi Azaldylar
ABŞ-nyň Raketa Ätiýajy Azalýar
Russiýanyň Ýewropa Akdyrýan Gazynyň Mukdary 40 Göterim Azaldy
Germaniýada Ýaş Ilatyň Sany Azalýar
Gazprom Akdyrylýan Tebigy Gazyň 40 Göterim Azaljakdygyny Beýan Etdi
Ýaponiýada Doglan Bäbekleriň Sany Azalýar