Nebit ministri OPEK-iň başlygy boldy

Eýranyň nebit ministri Mohsen Paknežad 2025-nji ýylda OPEK-iň başlygy wezipesine saýlandy.Bu barada Eýranyň resmi habarlar gullugy IRNA habar berdi.OPEK web sahypasyndaky metbugat üçin beýanatynda geljek ýyl üçin başlyk saýlanandygyny tassyklady we Gabonyň nebit ministri Marsel Abeke 2024-nji ýylda guramanyň başlygy hökmünde ýolbaşçylyk edenligi üçin hoşallyk bildirdi.

Maglumatlara görä, Mohsen Paknežad guramanyň yzygiderliligini, agzybirligini we ösüşini goramak üçin ähli mümkinçiliklerden peýdalanjakdygyny aýtdy.OPEK-iň metbugat üçin beýanatyna laýyklykda, OPEK konferensiýasy 2025-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap, Haýsam al-Gaýsyň Baş sekretarlyk möhletini ýene üç ýyl uzaltdy.

Guramanyň düzgünnamasyna laýyklykda, baş sekretar üç ýyllyk möhlete saýlanyp, diňe bir gezek gaýtadan saýlanyp bilner.OPEK 13 ýurdy öz içine alýar: Alžir, Angola, Wenesuela, Gabon, Yrak, Eýran, Kongo, Kuweýt, Liwiýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Nigeriýa, Saud Arabystany, Ekwatorial Gwineýa.

Guramanyň ştab-kwartirasy Wenada ýerleşýär.OPEK-iň başlyklygy 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Eýrana geçer. /* custom css */ .td_uid_15_67616a110ef8b_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_67616a110ef8b_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

OPEK+ ýurtlary nebitiň çykarylyşyny azaldar
OPEC döredildi
EKKAS Gabonyň agzalygyny togtatdy
OPEC+ önümçiligini artdyrýar
Türkiyäniň çap eksporty 39 göterim artdy
Türkmenistan syýahatçylyk ministrleriniň Yslam konferensiýasynyň XII mejlisine gatnaşdy