Nebit-gaz uniwersitetiniň ýokary kurs studentleri umumy ýaşaýyş jaýyndan çykarylýar

Nebit-gaz uniwersitetiniň ýokary kurs studentleri umumy ýaşaýyş jaýyndan çykarylýar

Türkmenistan ýokary okuw jaýlaryna kabul ediljek studentleriň sanyny artdyrýar. Bu ýagdaý umumy ýaşaýyş jaýlarynda studentler üçin ýer ýetmezçiligi meselesini döredipdir. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy Nebit-gaz döwlet uniwersitetiniň umumy ýaşaýyş jaýynda ýokary kurs studentleriň ýaşamak üçin başga ýer tapmaga mejbur edilýändigini habar berýär.

"Täze okuw ýylynda Türkmenistanyň Halkara nebit-gaz uniwersitetine synagdan geçen täze studentleriň alynmagy bilen umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşamak üçin orunlaryň ýetmezçiligi ýüze çykdy" diýip, habarçymyz 16-njy awgustda habar berdi.

Okuw jaýyndaky ýagdaýlardan habarly çeşmeleriň aýtmagyna görä, bu ýagdaý täze okuw ýylynda studentleriň sanynyň köpelmegi bilen bagly.

Türkmenistanda 2024-2025-nji okuw ýylynda ýokary okuw jaýlaryna jemi 15 müň 926 adamyň kabul ediljekdigi we bu sanyň geçen ýylkysyndan 300-den gowrak adam artykdygyny resmi media habar beripdi.

Halkara nebit-gaz uniwersitetinde okajak studentleriň sanynyň ozalkysyndan näçe köpeldilendigi agzalmady.

Bu ýokary okuw jaýynyň resmi websaýtyndaky maglumatda 23 sany kär boýunça bilim berýän uniwersitetde okaýanlaryň umumy sany 6540 adam diýlip görkezilýär. 31-nji iýulda başlanan giriş synaglary 18-nji awgusta çenli dowam edýär.

Çeşmeleriň sözlerine görä, okuw jaýynda öňden bäri bilim alýanlardan umumy ýaşaýyş jaýyndaky otagy gyssagly boşatmak talap edilip, bu täze okuw ýylynda geljek studentler üçin ýer taýýarlamak maksady bilen düşündirilipdir.

"Uniwersitetiň dekanaty bu ýagdaýda Aşgabatda garyndaşlary bar bolan welaýatlylardan we paýtagtda ýazga duran studentlerden 1-nji sentýabra çenli umumy ýaşaýyş jaýy boşatmagy talap etdi. Esasan şeýle duýduryş 3-nji kursda okaýanlara berildi" diýip, çeşmeleriň biri aýtdy.

Umumy ýaşaýyş jaýyndan gyssagly çykmak talaby köp ýaşlary aladaly ýagdaýa salypdyr.

Ýaşamaga başga ýeri bolmadyk studentlerde jaýy kireýne almakdan başga çäre galmaýar. Köpçülik birnäçe adam bolup, birleşip jaý alýarlar diýip, student aýdýar.

"Kireýne jaý almak, köne jaýda 1200-1500 manat aralygynda durýar. 4- 5 sany talyp bolup, ýaşamaly bolýar. Has amatly jaýlarda öý kireýi 4-5 müň manat bahalanýar" diýip, aşgabatly student aýdýar.

Azatlygyň Halkara nebit-gaz uniwersitetiniň wekillerinden resmi görnüşde maglumat almak synanyşygy oňyn netije bermedi.

Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek we giriş synaglaryny geçirmek işleri 15-nji iýul - 26 awgust aralygynda dowam edýär.

Şu ýyl ÝOJ-laryna kabul ediljek raýatlaryň sanyny artdyryp, 15 müň 926 adama ýetiren ýurtda her ýyl 80 müňden gowrak okuwçy orta mekdebi tamamlaýar.

Bu ýagdaýda daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlaryna girmek isleýänleriň sany artýar. Türkmenistan statistiki maglumatlary çap etmeýärkä, daşary ýurtlaryň resmi maglumatlaryna görä, Orsýetde, Türkiýede, Merkezi Aziýa we Ýewropa ýurtlarynda onlarça müň türkmen raýaty bilim alýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Russiýa syýahatçylyk wizasy bilen barýan türkmen raýatlarynyň Türkmenistandan çykmagy kynlaşdy
Bilimdäki para ýaşlaryň ýoluny ýapýar, prezidentiň ogly Angliýada 'okady'
Onlarça etnik özbek studenti türkmen-özbek serhedinden geçirilmedi
Ukraina Türkmenistan bilen bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýar
Diňle: ÝOJ-lara kabul edilen talyplaryň biometriki pasportlary ellerinden alynýar
Aç ýaşaýjylar Nyýazowyň dolandyryşyny küýseýär’