Nebit-gaz pudagyny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde Siemens kompaniýasynyň gaz turbinalary satyn alnar

Kükürtli, Kerpiçli we Demirgazyk Balguýy gaz känlerinden uglewodorod çig malyny çykarýan hem-de ony ugradýan Lebapgazçykaryş müdirligi Naýyp gaz ýatagynda hereket edýän nebit-gaz toplumyndan çig mal iberilişini gowulandyrmaga niýetlenen göçme kompressor enjamlary bilen üpjün ediler.

Kärhanany tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrmak üçin geçirilen halkara bäsleşigniň netijesi boýunça gar-turbina herekete getirijili enjam satyn alnar.Siemens kompaniýasynyň çykarýan SGT-300 we SGT-100 gaz turbinalary nebit-gaz pudagynda giňden ulanylýar.

Olaryň bloklara bölünip ýasalmagy magistral gaz geçirijilerde ygtybarly we tygşytly göçme kompressor enjamlaryny, turba geçirijilerde gaz basyşyny ýokarlandyrmak hem-de iberilýän gazy senagat ulgamlarynda ýygnamak we gysmak üçin enjamlary oturtmaga mümkinçilik berýär. 2030-njy ýyla döwür üçin ýurduň nebit-gaz senagatyny ösdürmegiň çäklerinde we uglewodorod çig malyny çykarmagy artdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleriň jähtinden kärhananyň maddy-tehniki binýady döwrebaplaşdyrylýar. Ýylyň başyndan bäri Lebapgazçykaryş kärhanasynyň Kükürtli, Malaý, Bagaja, Sakar, Çartak, Farap, Täjibaý känlerinde 3 milliard kub metre golaý tebigy gaz gaz çykarylyp, tabşyryk 136,1 göterim ýerine ýetirildi.

Gaz kondensatynyň önümçiligi-de ep-esli artdy, 21 müň tonna golaý suwuk uglewodorodlar alyndy, ýagny tabşyryk 131,8 göterim amal edildi.

Ýene degişli makalalar

Tebigy gaz YBI-niň hünärmenleri hereket edýän we gurulýan desgalarda ekologiýa gözegçiligini geçirýärler
Täjibaý meýdançasy: kükürtsiz gazyň tebigy ojagy
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Ýanwar 2023: “Lebapgazçykaryş” 1,19 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz öndürdi
26.07.2017 | Himiýa senagaty daşary ýurtdan getirilýän önümleriň ornuny tutmakda esasy orny eýeleýär