Nebit-gaz kompaniýalary arassa energiýa öndürer

Nebit-gaz pudagynda iş alyp barýan Fransiýanyň “TotalEnergies” hem-de Britaniýanyň BP kompaniýalary bilelikde ýel energiýa bekedini gurarlar.Bu iki kompaniýa Germaniýanyň deňizüsti ýel energiýa bekedini gurmak barada yglan eden, umumy bahasy 12,6 milliard ýewro bolan bäsleşiginde ýeňiji boldular.

Germaniýanyň energiýa bazaryna gözegçilik edýän Federal tor agentliginiň (“Bundesnetzagentur”) habar bermegine görä, umumy önümçilik kuwwaty 7 müň megawat boljak dört deňizüsti ýel energiýa bekedini gurmak boýunça bäsleşik yglan edildi.

Meýilnama görä, Demirgazyk hem-de Baltika deňizlerinde ýel beketleriniň gurulmagy meýilleşdirilýär.

Fransiýanyň “TotalEnergies” nebit kompaniýasy iki bäsleşige gatnaşyp, jemi 3 müň megawatlyk taslamanyň gurluşygyny amala aşyrmaga hukuk gazandy. Fransuz kompaniýasy bu taslamanyň netijesinde durmuşa geçiriljek desgalaryň üç million öýi “ýaşyl” energiýa bilen üpjün etjekdigini mälim etdi.

Demirgazyk deňzi güýçli we yzygiderli ýel öwüsýändigi sebäpli ýel beketlerinden netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berýär.

Ýene degişli makalalar

Shell dünýäde iň gymmat nebitgaz brendi boldy
Türkmenistanyň we Gazagystanyň üstaşyr geçiren nebitiniň paýy 842,9 müň tonna ýetdi
“Fortune” ilkinji gezek Ýewropa kompaniýalarynyň sanawyny düzdi
Russiýa 24-nji Fewralda Başlan Söweşden Bäri Fosil Ýangyçdan 63 Milliard Ýewro Girdeji Gazandy
Türkmenistan Günorta gaz geçelgesi boýunça gepleşiklere gatnaşar
Baku-Tbilisi-Jeýhan turbageçirijisi arkaly 32 million tonna türkmen nebiti eksport edildi