Nebit daşalyşy artdyrylýar

Nebit daşalyşy artdyrylýar

Işe girizilen pursatyndan şu güne çenli Baku — Tbilisi — Jeýhan (BTJ) turbageçirijisi arkaly dünýä bazarlaryna 4,3 milliard barrel nebit iberildi. Muny BP kompaniýasynyň maliýe meseleleri boýunça sebitleýin wise-prezidenti Kolin Alan Bakuwda geçirilen 10-njy Hazar tehniki konferensiýasynda eden çykyşynda aýtdy diýip, APA-Economics habar berdi.

Onuň bellemegine görä, BTJ 17 ýyl bäri hereket edip gelýän ýokary tehnologik mümkinçilikleri bolan infrastruktura desgasy bolup durýar.

Kolin Alan bu geçen döwür içinde BTJ-niň üsti bilen 4,3 milliard barrel nebitiň, şol sanda Azerbaýjan nebiti bilen bir hatarda Gazagystandan we Türkmenistandan nebit daşalýandygyny aýtdy.

Belläp geçsek, Uzynlygy 1,768 km bolan BTJ turbageçirijisi 2006-njy ýylyň iýun aýynda işe girizilipdi.

Häzirki wagtda BTJ turbageçirijisi, esasan, Azeri — Çirag — Güneşli blogyndan nebit we Şahdeniz ýatagyndan kondensat daşaýar. Mundan başga-da, Hazar nebitiniň we kondensatyň (Gazagystan we Türkmenistan) sebit boýunça beýleki mukdary BTJ arkaly daşalýar.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Elektroulag satuwy görnetin artdy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy
02.10.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy
30.06.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar
Sungat habarlary