
Hemişelik ýaşamak üçin Türkmenistandan Gazagystana göçmäge taýýarlanan ýüzden gowrak etnik gazak maşgalasy indi ýedi aýdan gowrak wagt bäri näbellilik ýagdaýynda ýaşaýar. Olaryň köpüsi gyş paslynyň ahyrynda we ýazyň başynda öýlerini satyp, Türkmenistanda hasapda duran ýazgylaryndan çykdylar. Ýöne pandemiýanyň fonunda serhetler ýapylanlygy sebäpli ýurtdan çykyp bilmediler.
"Gerek däl adamlar". Türkmenistanda galanlar
Çykalgasyz petik. Zuhra (at - aýalyň haýyşy boýunça üýtgedildi - red.) şu sözler bilen özüniň häzirki ýagdaýyny suratlandyrýar. Türkmenistanda doglan we ýaşaýan etnik gazak aýal kyn ýagdaýa öz islegi bilen duçar bolan däldigini aýdýar.
Şu ýylyň ýanwar aýynda Zuhranyň maşgalasy taryhy watanyna göçmek kararyna geldi. Şol döwürde Hytaýyň Wuhan şäherinde peýda bolan täze wirusyň global pandemiýa sebäp bolup, uly krizise, uçar gatnawlarynyň togtadylmagyna we serhetleriň ýapylmagyna sebäp bolup biljekdigini az adam çaklap bilýärdi.
Zuhra ýylyň başynda Gazagystanda ýaşaýan doganyndan çakylyk aldy, şondan soň ol maşgala agzalary bilen bilelikde Türkmenistanyň migrasiýa gullugyna resminamalary tabşyrdy we ýurtdan göçüp gitmek üçin resmina aldy.
Mundan soň - hasaba duran ýeriňden ýazgydan çykmak baradaky adaty proseduralar (Zuhra ýapyk we türkmen režiminiň islendik görnüşde tankyt edilmegine ýol bermeýän ýurt häkimiýetleri tarapyndan yzarlanmakdan gorkup, ýaşaýan welaýatyny görkezmezligi haýyş etdi). Jaý satuwa çykaryldy we fewral aýynda alyjy tapyldy.
Zuhra ýakyn wagtda gazak topragyna aýak basmak we birnäçe ýyl ozal taryhy watanyna dolanan doganyny görmek umydy bilen, göçmek üçin soňky taýýarlyk işlerini tamamlaýardy. Emma bu onuň bu planlaryny pandemiýa puja çykardy. Iki goňşy ýurduň arasyndaky ulag baglanyşyklary, gatnawlary ýapyldy.
Zuhra we çagalary sekiz aý bäri kireýine alnan kwartirada ýaşaýarlar. Maşgala tygşytlap, ýygnan pulunyň hasabyna gün görýär. Kanuny girdeji gazanmak üçin umyt ýok: olar ýurtda resmi taýdan hasaba alynmadyk, bu kanuny taýdan iş tapmaga mümkinçilik ýok diýmekdir.
"Biz bu ýerden ne gidip, ne-de uçup bilýäris. Ýaşaýyş rugsady we öz jaýyňyz bolmasa kyn - hemişe oňaýsyz ýagdaýda bolýarsyňyz. Öň gazananlarymyzy iýmit üçin sarp edýäris" diýip, Zuhra ýüzden gowrak etnik gazak maşgalasynyň hem şeýle ýagdaýdadygyny aýdýar.
"Ätiýaçlar gutarýar. Gazagystan üçin tygşytlanan pullar hem gidýär. Käbirleriniň hatda iýmit we syýahat üçin eýýäm pullary ýok" diýip, ol belledi.
Zuhra, Türkmenistanda ýaşaýan, ýöne Gazagystana göçüp bilmeýän gazaklaryň sanynyň 400 töweregi adama bardygyny aýdýar. Ol bu adamlaryň kömek sorap, gazak diplomatlaryna ýüz tutandygyny, ýöne netije bermändigini belleýär.
"Türkmenistanyň migrasiýa gullugy türkmen tarapyndan hemme zadyň taýýardygyny, diňe bizi ýurtdan goýbermegiň galandygyny aýtdy.Emma Gazak tarapy entek jogap bermedi.Eger Türkmenistan [gitmek üçin] rugsat beren bolsa we biz Gazagystandan çakylyk alan bolsak, Gazagystan bizi kabul etmeli, bize kömek etmeli, sebäbi biz bu ýerde indi gerek däl adamlar.
Häzirki wagtda [bu iş] Gazagystan tarapyndan gijä goýulýar" diýip, Zuhra aýtdy.
Serhetler sebäpli bölünen maşgalalar
Türkmenistanda doglan 29 ýaşly Berik Lepesow mart aýynyň başynda, ýagny karantinden ozalky soňky uçar reýsinde Aşgabatdan Almaty şäherine geldi. Şonda ol Almatydaky uniwersitetleriň birinde dördünji kursda okaýardy we sessiýa taýýarlanýardy. Bir hepde soň Berigiň ejesi we oglan dogany Gazagystana gelmegi meýilleşdirýärdi, ýöne şol wagta çenli serhetler ýapyldy.
Maşgala ikä bölündi. Gazagystanda Berik we onuň birnäçe ýyl ozal göçüp gelen aýal doganlary ýaşaýarlar. Olaryň ejesi we bir oglan dogany Türkmenistanda ýaşaýar.
"Biz - ejem-kakam, oglan doganym we men - kakam pensiýa çykandan soň, Gazagystana göçmegi meýilleşdiripdik. 2019-njy ýylda ol [kakam] awariýada aradan çykdy.Biz onuň ölüm ýyl dönüminden soň, göçmek kararyna geldik.
Jaýymyzy satdyk, ýazga duran ýerimizde hasapdan çykdyk. [Almaty sebitindäki] garyndaşlarymyz çakylyk bilen bize kepillik hatyny ýazdylar.Harby bellige alyş gullugynda ýazga duran ýerimizde hem hasapdan çykdyk.Oglan doganymyň işi ýok, ejem ýedi aý bäri pensiýasyny almaýar.
Olar Türkmenistanda hasaba alynmady, emma Gazagystanda-da alynmady.Görnüşi ýaly, olar ne bärde, ne-de ol ýerde" diýip, Berik entek özüniň hem Gazagystanda ýaşamak üçin rugsatnama alyp bilmändigini aýdýar.
Berigiň ejesi we dogany garyndaşlary bilen ýaşaýarlar. Olar Türkmenistanda içerki kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar, sebäbi goş-golamlarynyň we öý goşlarynyň köpüsi demirýol arkaly ýük konteýnerine ýerleşdirilipdi. Olaryň Gazagystanyň Aşgabat şäherindäki ilçihanasyna gitmäge we diplomatlardan kömek soramaga mümkinçilikleri ýok, sebäbi häzirki wagt olaryň ýaşaýan ýeri Daşoguzdan paýtagta baryp bolmaýar.
Resmi taýdan Türkmenistanda koronawirus ýokaşmasynyň ýokdugy habar berilýär, ýöne ýapyk döwletden ýaýraýan köp sanly habar ýurtda bu keseliň ýaýrandygyny görkezýär. Häkimiýetler hereketi çäklendirýär we ýaşaýjylara "tozandan goranmak" üçin maska geýmegi maslahat berýär.
Häzirki wagtda serhetýaka Mangistau sebitinde ýaşaýan, Türkmenistandan gaýdyp gelen Raýhan Sultangyzy hem goňşy ýurtda galan garyndaşlary üçin alada galýar. "Olar indi ýedi aýdan gowrak wagt bäri "çemodanlarynda otyrlar" we kömege garaşyp, umytsyzlyga uçraýarlar" diýip, Raýhan aýtdy.
"Olar ýazgyda durmaýandyklary sebäpli hatda lukman bilen duşuşyp bilmeýärler.Döwlet tarapyndan hiç hili goldaw berilmeýär.Olar diňe satan kwartirasyndan gelen pulun hasabyna ýaşaýarlar.Bäş welaýatdan jemi 150 maşgala.
Maşgalalaryň tutuş sanawy [Gazagystanyň] Daşary işler ministrliginde. Ähli resminamalar ýygnaldy, hemmesi dogry dolduryldy. [Türkmenistandaky garyndaşlar] hiç zat aýtmak islemeýärler, olar ertir özleri asla goýberilmez öýdüp gorkýarlar.Indi diňe bir zat hakda pikir edýärler - mümkin boldugyça gysga wagtda Türkmenistandan göçmek" diýip, Raýhan belledi.
Diplomatlar näme diýýär?
Türkmenistanda galan gazaklaryň garyndaşlarynyň habar bermegine görä, Balkan, Daşoguz we Mary welaýatlarynyň ýaşaýjylary Gazagystana gitmek üçin rugsat berilmegine garaşýarlar.
Bu ýurduň Daşary işler ministrliginden Türkmenistanda galan gazaklar barada kommentariý alyp bolmady. Redaksiýanyň elektron poçta arkaly iberen haty jogapsyz galdy we edaranyň websaýtynda görkezilen, Aşgabat belgilerine edilen telefon jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.
Geçen hepde Azatlygyň habarçysy Gazagystanyň Daşary işler ministrliginden maglumat sorady. Ministrligiň metbugat gullugy maglumatlary "aýdyňlaşdyrmagy" wada berdi.
19-njy oktýabrda Azatlyk Radiosy Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen habarlaşdy. Metbugat bilen gürleşmäge ygtyýar berilmedik ilçihananyň işgäri diplomatik missiýanyň bu meseleden habarlydygyny we konsulyň etnik gazaklaryň gitmegini guramaga zerur bolan "işleri ýerine ýetirmek" üçin welaýatlara gidendigini aýtdy.
Soňra Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Aýbek Smadiýarow "Türkmenistanyň raýatlary bolan etnik gazaklaryň Türkmenistandan Gazagystana gitmegine kömek etmek meselesiniň Daşary işler ministrliginiň gözegçiligindedigini" mälim etdi.
"Häzirki wagtda Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçihanasy türkmen tarapy bilen guramaçylyk we hukuk meseleleriniň üstünde işleýär" diýip, ol belledi. Smadiýarow Türkmenistanda näçe gazagyň bu ýagdaýa düşendigini aýdynlaşdyrmady.
2016-2020-nji ýyllar aralygynda 1 müň 703 maşgala (3 müň 555 adam) Türkmenistandan Gazagystana göçüp geldi. Olaryň aglaba köplügi Mangistau sebitinde mesgen tutdy.
1991-nji ýyldan başlap, ýagny Gazagystanyň häkimiýetleriniň daşary ýurtlardaky gazaklara Gazagystana, özleriniň taryhy watanyna göçmek baradaky çagyryşyndan soň, bu ýurda bir milliondan gowrak etnik gazak dolandy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.