
Gazagystanyň ilkinji prezidenti Nursoltan Nazarbaýew ÝAYB-ne Özbegistany, Täjigistany we Türkmenistany çagyrmagy teklip edýär.
Ol bu barada 19-njy awgustda Nur-Soltanda Russiýanyň premýer-ministri Mihail Mişustin bilen duşuşygynda aýtdy.
Bu barada Russiýa hökümetiniň internet sahypasynda habar berilýär.
“Ýewroaziýa ykdysady bileleşigini täze agzalaryň hasabyna pugtalandyrmaly. Özbegistan we Täjigistan ÝAYB-niň düzüminde bolmaly. Türkmenler bilenem işlemeli, men muny köpden bäri aýdýaryn” diýip Nazarbaýew belleýär.
ÝAYB-ne agza ýurtlaryň Geňeşiniň 29-30-njy aprelde Kazanda geçen maslahatyna premýer-ministriň orunbasary Serdar Berdimuhammedow synçy hökmünde gatnaşypdy.
30-njy aprelde eden çykyşynda kiçi-Berdimuhamedow ÝAYB-ne agza ýurtlar bilen ykdysady hyzmatdaşlyga gyzyklanýandyklaryny aýdypdy.The post Nazarbaýew Muşistine Özbegistany, Täjigistany we Türkmenistany ÝAYB çagyrmagy teklip etdi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.