
Gazagystan Respublikasynyň ozalky Prezidenti Nursultan Nazarbaýewden Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag haty gelip gowuşdy. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.
Nursultan Nazarbaýew, ilki bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa Gazagystana ýollan hatynda tiz sagalmak barada beýan eden arzuwlary üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirýär.