Lebap welaýatynyň demirgazygynda, Üňüz aňyrsyndaky Garagumdaky Naýybyň gazy gaýtadan işleýän toplumynyň birinji tehnologik enjamyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça işler 60 göterim ýerine ýetirildi. “Tehnofriga” italýan firmasynyň 1998-nji ýylyň iýun aýynda işe girizen bu enjamy Türkmenistanyň gazy gaýtadan işleýän senagatynyň düýbüni tutupdy.
Suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça müdirligiň ýolbaşçylarynyň aýtmagyna görä, häzirki wagtda döwrebaplaşdyrylan tehnologik enjamy täzelemek we işe girizmek boýunça işleri çalt depginlerde tamamlamak babatda çäreler görülýär. Bu bolsa, tebiýy ýangyjy gaýtadan işlemegiň netijeliligini we ondan alynýan suwuklandyrylan gazyň hem-de uglewodorod çig malynyň hilini ep-esli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.
Ýakyn ýyllarda bu müdirligiň Bagaja ýatagynda hem suwuklandyrylan gaz çykarmak boýunça enjamyň durkuny täzelemek, onuň binýadynda bolsa, butadiýen-stirol kauçugyny we polistirol öndürmek boýunça gazhimiýasy toplumyny gurmak göz öňünde tutulýar.
Şol bir wagtyň özünde müdirligiň işgärleri esasan eksporta ugradylýan ýokary hilli ýangyç çykarmak boýunça tabşyryga üstünlikli hötde gelýärler. Ýylyň başyndan bäri bu ýerde 40 müň tonna golaý suwuklandyrylan gaz öndürildi, onuň 4 müň tonnasy tabşyrykdan artyk çykaryldy.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende önümçiligiň möçberi ep-esli artdyryldy. Ýanwar-aprel aýlarynda lebaply gaz çykaryjylar Seýdiniň nebti gaýtadan işleýän zawodyna 20 müň tonna golaý uglewodorod kondensatyny iberdiler, ondan daşary ýurtlara ugradylýan açyk reňkli nebit önümleri öndürilýär.