
Senagatbank futzal topary Naýbaşy liganyň täze möwsümindäki ikinji ýeňşini hem gazandy. Birinji tapgyrda Milli goşuny 4:1 hasabynda ýeňen topar ikinji tapgyrda Migrasiýadan 3:1 hasabynda üstün çykdy.
Migrasiýa bolsa täze möwsümde bassyr ikinji duşuşygynda hem utulyşdan halas bolup bilmedi.
Iki duşuşykda 7 pökgi geçirip, 6 utuk toplan Senagatbank eýýämden öňdebaryjylaryň hataryna goşulmagy başardy. Topar 16-njy martda geçiriljek üçünji tapgyrda geçen möwsümiň çempiony ― Türkmenbaşy şäheriniň Deňizçi futzal topary bilen duşuşar. Şol gün sagat 14:00da Migrasiýa Gümrükçi bilen güýç synanyşar.
Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasyna Daşoguz şäherinde badalga berlendigini ýatladýarys.