ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, rus oppozisioner Alekseý Nawalnyýyň tussaghanada ýogalmagyndan Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň jogapkärdigini aýtdy.
Jo Baýden, Ak Tamda beren beýannamasynda, rus oppozisioner Nawalnyýyň ýogalmagy hakynda durup geçdi.
Nawalnyýyň ýogalandygy hakyndaky habarlaryň dogry bolmandygyna ynanmak üçin hiç hili sebäbiň ýokdygyny aýdan Baýden, “Alekseý Nawalnyýyň ýogalandygy hakyndaky habarlara diýseň geň galdym. Putin ony zäherledi, tussag etdirdi we iş gozgatdy. Ony tussaghana ýatyrdy” diýdi.
Moskwanyň Nawalnyýyň ýogalmagy bilen arabaglanşykly dürli garaýyşlary beýan etjekdigine ünsi çeken Baýden, “Nawalnyýyň ýogalmagyndan Putin jogapkär” diýdi.
ABŞ-nyň Prezidenti Baýden, Moskwa şu günki güne çenli köp sanly sanksiýa goýandyklaryna we Nawalnyýyň ýogalmagy sebäpli hem goşmaça sanksiýalaryň goýlup bilinjekdigine ünsi çekdi.