NATO Ukraina Gelen Halatynda 3-nji Jahan Urşy Başlar

NATO Ukraina Gelen Halatynda 3-nji Jahan Urşy Başlar

Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko NATO-nyň harby güýçleri Ukraina gelen halatynda 3-nji Jahan urşunyň başlajakdygyny aýtdy.

Lukaşenko Russiýanyň döwlet teleýaýlymy “Rossiýa” beren interwýusynda gün-tertibindäki meseleler hakynda durup geçdi.

Ukraina degişli uçarmansyz howa ulaglarynyň ýurdunyň howa giňişligini bozandygyna ünsi çeken Lukaşenko, onuň ençeme gezek gaýtalanandygyny aýtdy.

Ukrainadan abanyp biljek howplara garşy degişli çäreleri görendiklerini aýdan Lukaşenko, Belarus-Ukraina serhedine mina we goşun ornaşdyrandyklaryny beýan etdi.

Lukaşenko NATO-nuň Ukraina goşun ugratma ähtimallygy hakynda-da durup geçip; “Eger-de olar NATO-nuň güýçlerini getiräýseler, 3-nji Jahan urşy başlar. Sebäbi şeýle bolanda, hem taktiki hem-de strategiki ýadro ýaraglary ulanylar, dessine elhenç derejede reaksiýa bildiriler” diýdi.

Ýagdaýyň dartgynlaşmagyny islemeýändiklerini aýdan Lukaşenko: “NATO bilen uruşmak islemeýäris. Emma, şeýle eden halatlarynda başga çärämiz galmaz. Gyzyl çyzgymyz galmaz. Ýekeje çyzygymyz bar, ol hem döwlet serhedidir. Serhede basan batlaryna jogaby beriler” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň Baş ştabynyň başlygy: "Günbatara garşylyk görkezeris" diýdi
NATO-nyň Täze Baş Sekretary Rutte Ilkinji Resmi Saparyny Ukraina Gurady
“Finlýandiýanyň Türkiýäniň ÝB-ne Agzalyk Etabyna Güýçli Goldaw Bermegine Garaşýarys”
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Uruşdan Soň Ýewropany Hyýal Etmek
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny