NATO Ukraina bilen bagly beýannama berdi

NATO Ukraina bilen bagly beýannama berdi

NATO-nyň resmileriniň biri NATO-nyň baş sekretarynyň kabinetiniň direktory Stian Jensseniň Norwegiýanyň metbugatynda berilen "Ukrainanyň territoriýasynyň bir bölegini Russiýa bermegi bilen NATO agza bolup biljekdigi" baradaky sözleriniň üstünde durup geçdi.

"NATO-nyň pozisiýasy anyk we üýtgemedi. NATO agza ýurtlaryň liderleriniň iýul aýynda Wilnýusda geçiren sammitinde belläp geçişleri ýaly, Ukrainanyň özygtyýarlylygyny we territorial bütewiligini dolulygyna goldaýarys" diýip aýdan resmi: "Ukrainany näçe dowam etse etsin, goldamaga dowam ederis. Adalatly we hemişelik parahatçylygy üpjün etmekde tutanýerlidiris. Parahatçylygyň haçan we haýsy şertlerde ýola goýuljakdygyna Ukraina karar berer" diýip belledi.

Resmi: "Uruşyň gaýtalanmazlygyny üpjün etmek üçin howpsuzlyk bilen bagly düzgünleşdirmä zerurlygyň bardygy aýdyň" diýip nygtady.

Norwegiýanyň Werdens Gang gazedi tarapyndan berilen habara görä, NATO-nyň baş sekretarynyň kabinetiniň direktory Stian Jenssen Arendal şäherinde geçirilen panelde, Ukrainanyň territoriýasynyň bir bölümini Russiýa bermegi bilen NATO agza bolup biljekdigini beýan edipdi.

NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg ýygy-ýygydan Alýansyň Ukrainanyň territorial bütewiligini goldaýandygyny, agzalygyň diňe uruşdan soň mümkin bolup biljekdigini, parahatçylygyň haýsy şertlerde ýola goýuljakdygyna Ukrainanyň karar berjekdigini belleýär.

Ýene degişli makalalar

“Hytaýa, Russiýa Berýän Goldawyndan Ýüz Öwürmegi Üçin Çagyryş Berýärin”
Günortada Türkiýesiz Ýewropanyň Howpsuzlygyny Üpjün Etmek Mümkin Däl
Russiýanyň Baş ştabynyň başlygy: "Günbatara garşylyk görkezeris" diýdi
Tramp Döwri
NATO-nyň Baş Sekretary Mark Rutte şu gün Türkiyä sapar gurar
Zelenskiý Rutte Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
“Ukrainanıň NATO Agza Bolmagına Rugsat Bermeris”