NATO Türkiýäniň Minadan Saplaýyş Işlerini Tanyşdyrdy

NATO Türkiýäniň Minadan Saplaýyş Işlerini Tanyşdyrdy

Russiýanyň Ukraina hüjümlerinden soň Gara deňize akyp gelen minalaryň emele getiren howpuna garşy Türkiýe, Bolgariýa we Rumyniýa saplaýyş işlerini alyp barýar.

Şol işleri Türkiýäniň mina gämisi “TJG Akçaýdan” ýazga alan NATO, ozalky iňlis deňiz komandosy Ben Kukuň taýýarlan wideo ýazgysy bilen türk gämisiniň minalary saplamak üçin nähili işleri alyp barýandygyny beýan etdi.

Deňizde minalaryň ýerinin anyklanmagyndan ýok edilmegine çenli jik-jik maglumat berilýän wideo ýazgyda, türk deňiz komandoslarynyň minalary ýok etmek üçin geçiren türgenleşiklerine hem orun berilýär.

NATO-nyň taýýarlan wideo ýazgysy Alýansyň X we ýoutub platformalaryndaky hasaplaryndan ýaýradyldy.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
TJG Anadoly gämisi halk köpçüligine açylar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
“TJG Anadoly Gämisi Düşümli Bolsun”