NATO, Serbiýanyň Talabyny Kabul Etmedi

NATO, Serbiýanyň Talabyny Kabul Etmedi

Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç, NATO-nyň, Kosowa Parahatçylyk güýjüniň (KFOR) Kosowanyň demirgazygyna esger we howpsyzlyk güýçleriniň ugradylmagy üçin beren teklibiniň kabul edilmändigini mälim etdi.

Wuçiç, BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň 1244 belgili kararynyň bolsa KFOR-a Serbiýany ret etme hukugyny bermeýändigini nygtady.

Serp goşunynyň Kosowadaky serpleri goramaýa mejbur edilmegini islemeýändiklerini nygtan Wuçiç, goşunlarynyň has güýçlidigini ýatlatdy.

Serbiýa, Kosowanyň demirgazygyndaky etniki serplere uly howpyň abanýandygy sebäpli ýurduň demirgazygyna müň adamlyk harby toparyň ugradylmagy talaby bilen KFOR-a ýüz tutupdy.

Serbiýanyň talabyna Kosowa berk garşylyk görkezdi. Kosowanyň Prezidenti Wosa Osmani, “Serbiýanyn goşunynyň asla Kosowa girmejekdigini”aýypdy.

Ýene degişli makalalar

Dünýä Kubogy 2026: Ýewropa zolagynyň saýlama toparçalarynyň bijeleri çekildi
Borrel Gazadaky ýagdaý barada beýannama berdi
UEFA Çempionlar Ligasynda 1-nji saýlama tapgyryň duşuşyklary tamamlandy
UEFA Milletler Ligasynyň çärýek finalynyň bijeleri çekildi
Merw Türkiýede daşary ýurt toparlary bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirýär
Kosowadaky Barrikadalaryň Esasy Bölegi Ortadan Aýryldy