NATO Sammiti Başlady

NATO Sammiti Başlady

ABŞ-nyň paýtagty Waşingtondaky sammitiň gün tertibiniň ileri tutulýan ugry Russiýa-Ukraina uruşy bolar.

NATO agza 32 ýurduň liderlerini bir ýere jemlän NATO sammiti alýansyň esaslandyrylmagynyň 75-nji ýyly bilen bagly geçirilen çäre bilen başlady.

ABş-nyň prezidenti Jo Baýden dabarada NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenbergi "Prezidentiň azatlyk medaly" bilen sylaglandyrdy.

Ýens Stoltenberg çykyşynda Ukraina uruşunyň üstünde durup geçdi.

Russiýa garşy Ukraina berilýän goldawyň dowam etdirilmeginiň zerurdygyny aýdan NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg, bu uruşyň netijesiniň global howpsuzlyga on ýyllaryň dowamynda täsir ýetirjekdigini beýan etdi.

Ýer eýesi ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden bolsa alýansa agza ýurtlaryň Ukrainany "taryhy" ähmiýeti taýdan howa goranyş ulgamlary bilen üpjün etjekdigini habar berdi.

Jo Baýden Germaniýa, Italiýa, Gollandiýa we Rumyniýa bilen bilelikde Ukrainany Patriot howa goranyş ulgamlary we onuň bölekleri bilen üpjün etjekdiklerini mälim etdi.

Sammite Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý hem çagyryldy.

Zelenskiý sammite gatnaşmadan ozal Waşingtonda beren beýanatynda "Dünýä Russiýany eýmendirmek üçin noýabr aýynda geçiriljek ABŞ-nyň prezident saýlawyna garaşyp bilmez" diýip nygtady.

Ukrainanyň prezidenti ABŞ-nyň hökümedine "Işe girişmek üçin güýçli kararlar kabul etmegiň wagty" diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

“Hytaýa, Russiýa Berýän Goldawyndan Ýüz Öwürmegi Üçin Çagyryş Berýärin”
NATO-nuň Baş Sekretarlygyna Mark Rutte Saýlandy
Prezident Erdogan ABŞ-da saparda bolýar
NATO Ukraina Goşmaça Howa Goranyş Ulgamyny Bermegi Meýilleşdirär
Günabatarly Esgerleriň Ukraina Ukradylmagy Uly Çaknyşyk Üçin Başlangyç Etmek Bolar
Ukraina Goşmaça Goldawlar Gelýär