NATO, Russiýa Missiýasyndan 8 Adamyň Akkreditasiýasyny Bes Etdi

NATO, Russiýa Missiýasyndan 8 Adamyň Akkreditasiýasyny Bes Etdi

NATO-nyň resmilerinden biri NATO-daky rus missiýasynyň 8 agzasynyň akkreditasiýasynyň “habar berilmedik howpsuzlyk gullukçysy” bolandyklary sebäpli bes edilendigini aýtdy.

Resmi, NATO-da akkreditirlenen rus gullukçylarynyň sanynyň bolsa 20-den 10 adama çenli azaldylandygyny habar berdi.

NATO-nyň Russiýa boýunça syýasatynyň durnukly bolmagynda galýandygyny nygtan NATO-nyň resmisi; “Biz Russiýanyň agressiw aksiýalaryna cogap hökmünde pozisiýamyzy we el çekdiriciligimizi güýçlendirýän bolsak, şol bir wagtda-da neticeli dialoga açyk” diýdi.

Russiýanyň “İnterfaks” habarlar gullugy bolsa Russiýanyň döwlet Dumasynyň Halkara gatnaşyklar Komitetiniň Başlygy Leonid Slutskynyň “Russiýanyň oňa garşylyk görkezcekdigi” hakyndaky sözlerini çap etdi.

NATO bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklar esasanda Russiýanyň 2014-nci ýylda Krymy bikanun anneksiýasyndan we geçen ýyl hökümete garşy durýan Alekseý Nawalnyýnyň zäherlenmegi sebäpli peselipdi.

Krymyň anneksiýasyndan soň NATO bilen Russiýanyň arasyndaky maglumat alyşmak hakynda hyzmatdaşlyk bes edilipdi.

NATO 2018-nci ýylda ozalky rus içalysy Sergeý Skripala zäherli kast etme synanşygyndan soň hem 7 rus gullukçysynyň NATO-daky akkreditasiýasyny bes edipdi.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň Baş ştabynyň başlygy: "Günbatara garşylyk görkezeris" diýdi
“Finlýandiýanyň Türkiýäniň ÝB-ne Agzalyk Etabyna Güýçli Goldaw Bermegine Garaşýarys”
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Uruşdan Soň Ýewropany Hyýal Etmek
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan NBC News kanalyna beýanat berdi
Günortada Türkiýesiz Ýewropanyň Howpsuzlygyny Üpjün Etmek Mümkin Däl