
NATO ýyllyk ýadro türgenleşigi “Steadtast Noonyň” şu gün başlajakdygyny habar berdi.
NATO-dan berlen ýazmaça beýannama görä, iki hepde dowam etjek türgenleşige 60-dan gowrak uçar gatnaşar.
Türgenleşigiň tälim uçuşlary Günbatar Ýewropada geçirler. Türgenleşige ABŞ-nyň ýadro raketa mümkinçiligine eýe bolan harby uçarlary hem gatnaşar.
NATO-nyň Baş sekretary Mark Rutte mesele barada beren beýannamasynda “Ýadro ýüzöwürdüjilik guramanyň howpsuzlygy taýdan diýseň möhüm. Türgenleşik arkaly NATO-nyň ähli hyzmatdaşlaryny gorajakdygy barada duşmana anyk ýüzlenme berilýär” diýdi.
NATO-nyň ýadro türgenleşigi her ýylyň oktýabr aýynda geçirilýär.
Bu ýylky türgenleşik, ýer eýesi Belgiýanyň we Gollandiýanyň, Daniýanyň, Britaniýanyň we Demirgazyk deňiziniň howa giňişliginde geçiriler.