NATO-nyň Baş sekretary Türkiyä sapar gurar

NATO-nyň Baş sekretary Türkiyä sapar gurar

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg Norwegiýanyň paýtagty Oslo şäherinde geçirilen NATO agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň resmi bolmadyk maslahatyndan ozal metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi.

Şwesiýanyň NATO agzalygy bilen baglanşykly Ýens Stoltenberg hepdäniň başynda Prezident Rejep Taýýip Erdogan bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny ýatladyp: "Ýakyn wagtda Ankara sapar guraryn. Saparyň haçan guraljakdygy entek doly kesgitlenmedi" diýip belledi.

Ýens Stoltenberg Şwesiýanyň gatnaşyk protokolynyň tassyklanmagy bilen baglanşykly Türkiyä bermek isleýän ýüzlenmesiniň nähili boljakdygy bilen bagly soraga: "Ýüzlenmäm: Şwesiýanyň NATO agzalygy Şwesiýa gowy bolşy ýaly, Skandinawiýa ýurtlaryna, Baltika sebitine we şol bir wagtda NATO-nyň ähli agzalaryna we elbetde Türkiyä we beýleki hyzmatdaşlara peýdaly bolar.

Mundan başgada Şwesiýada 1-nji iýunda ýagny şu günden başlap terrora garşy göreşde täze kanunyň güýje girjekdigi bilen bagly hakykaty nygtap geçmek isleýärin.Bu şol bir wagtda Şwesiýanyň Madritde gol çekişilen Üçtaraplaýyn memorandumdan gözbaş alýan jogapkärçilikleri ýerine ýetirýändiginiň subutnamasy bolar.

Türkiyäniň hem öz gezeginde kanuny howpsuzlyk aladalaryny ýatdan çykarmaly däldiris, sebäbi hiç bir ýaran Türkiye ýaly terrorçylykly hüjüme sezewar galmady. Şol sebäpli terroryň islendik görnüşine garşy Türkiye bilen bilelikde iş salyşmagymyz möhümdir. Şwesiýanyň gatnaşyk protokolyna ýakyn wagtda tassyklajakdygyna ynanýaryn" diýdi.

Ýene degişli makalalar

“Hytaýa, Russiýa Berýän Goldawyndan Ýüz Öwürmegi Üçin Çagyryş Berýärin”
Günortada Türkiýesiz Ýewropanyň Howpsuzlygyny Üpjün Etmek Mümkin Däl
Günorta Kawkazdaky möhüm wakalar
Çawuşogly: "Şwesiýanyň ädimleri ýeterlik derejede däl" diýdi
Türkmenistan bilen Skandinaw ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk täze derejä çykýar
NATO Ukraina Goşmaça Howa Goranyş Ulgamyny Bermegi Meýilleşdirär