NATO-nyň Baş Sekretary Mark Rutte şu gün Türkiyä sapar gurar

NATO-nyň Baş Sekretary Mark Rutte şu gün Türkiyä sapar gurar

Prezident Rejep Taýýyp Erdogan tarapyndan kabul ediljek Mark Rutte bilen geçiriljek duşuşyklarda iň möhüm mesele Ukrainadaky urşuň ýaýbaňlanma howpy bolar.

Ýakyn Gündogardaky soňky ýagdaýyň hem ara alnyp maslahatlaşyljak duşuşyklarda, sebitdäki dartgynlygyň azaldylmagy üçin NATO bilen bilelikde edilip bilinjek ädimler ara alnyp maslahatlaşyljakdygy mälim edildi. Rutta, Ysraýylyň hüjümleriniň bes edilmegi üçin NATO bilen birlikde halkara aktýorlaryň bu ýurduň premýer-ministri Binýamin Netanýaha has köp basyş edilmeginiň zerurdygy barada ýüzlenme beriler.

NATO-nyň öňdebaryjy ýurtlarynyň biri bolan we aýratynam günorta ganadynyň goranmagynda möhüm bir orun eýeleýän Türkiyäniň, esasan hem harby we syýasy gatnaşyklary boýunça alýans bilen bolan gatnaşyklary hem saparyň dowamynda maslahatlaşylar.

NATO-nyň güýçlendirilmegi, goranyş pudagy boýunça hyzmatdaşlyk, Türkiyäniň terrora garşy göreşi, Siriýanyň we Yragyň demirgazygyndaky soňky ýagdaý, şeýle hem Egeý we Gündogar Ortaýer deňzindäki wakalar hem gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bolar.

Ýene degişli makalalar

NATO-nyň Baş Sekretary Ankarada Saparda Boldy
Prezident Erdogan Wengriýada Saparda Bolýar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
NATO Ankarada Guralan Terrorçylykly Hüjümi Ýazgardy
NATO-nyň Ýadro Türgenleşigi Başlaýar
Günortada Türkiýesiz Ýewropanyň Howpsuzlygyny Üpjün Etmek Mümkin Däl