NATO-nyň Baş sekretary Mark Rutte işe girişmeginden soň Ankara ilkinji resmi saparyny gurady.
Prezident R. T. Erdogan, NATO-nyň Baş sekretary Ruttäni Beştepede kabul etdi.
Kabul edilşik 1 sagat dowam etdi.
Kabul edilşikde Russiýa-Ukraina söweşi, Ýakyn Gündogarda başdan geçirilýän soňky wakalar we terror howpuna garşy görüljek çäreler bilen NATO-nyň kollektiw howpsuzlygy meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Prezident Erdogan, terrora garşy göreş meselesinde gurama agza ýurtlaryň Türkiýä goldaw bermelidigini nygtady.
Kabul edilşige Daşary işler ministri Hakan Fidan bilen Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler hem gatnaşdy.
Rutte bilen Fidan kabul edilşikden soň özara duşuşyk geçirdi.
NATO-nyň Baş sekretary Rutte, resmi saparynyň çäginde geçen aý terror guramasy PKK-nyň hyýanatçylykly hüjüme sezewar bolan Türk awiasiýa we kosmos senagaty gullugy TUSAŞ-a we Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy Gazi Mustafa Kemal Atatürkiň aramgähine hem bardy.