
NATO-nuň Baş sekretary Ýens Stoltenberg eden açylyş çykyşynda “Maslahatyň birinji bölüminde 9-11-nji iýulda ABŞ-nyň paýtagt Waşingtonda geçiriljek NATO-nuň Liderler sammitine görülýän taýýarlyklaryň çäginde ýüzöwürdijilik hem-de goranyş boýunça meselelerini seljereris.
Goranyş meýilnamalarymyzyň takyklygy we iş ýüzüne geçirilmäge taýýar bolmagy bilen bagly ýetilen sepgidi seljereris.Hem öz goranyşymyz üçin hem-de Ukrainany goldamaga dowam etmek üçin gerek bolan möhüm zerurlyklaryň üpjün edilmegi boýunça goranyş senagaty önümçiligimiz hakynda pikir alyşarys” diýdi.
NATO-nuň Baş sekretary Waşingtondaky sammitde şol bir wagtda NATO-nuň Ukraina boýunça howpsuzlyk kömegini we tälim meýilnamasyny hem jemlejekdiklerini aýtdy.