
Gollandiýanyň Premýer-ministri Rutte wezipäni 1-nji oktýabrda Ýens Stoltenbergden kabul edip alar.
Rutte Gollandiýada şäriklik hökümetiniň bozulmagyndn soň 7-nji iýulda wezipesinden çekilipdi we täze hökümet gurulýança wezipesini dowam etdirip, soň hem syýasaty goýjakdygyny beýan edipdi.
Stoltenbergiň wezipesiniň ýene-de bir tapgyr uzaldylmajakdygynyň anyk bolmagyndan son Rutte NATO-nuň baş sekretarlygyna dalaşgärligini goýupdy.
Gysga möhletde ençeme ýurtdan goldaw tapan Rutte, sonky gezek 18-nji iýunda Wengriýanyň goldawyny alypdy.
20-nji iýunda beýleki dalaşgärlerden Rumyniýanyň Prezidenti Klaus Iohannesiň çekilmeginden soň Rutte, baş sekretarlyk üçin ýeke-tak dalaşgär boldy.