NATO iň çylşyrymly döwrüni başdan geçirýär

NATO iň çylşyrymly döwrüni başdan geçirýär

NATO, Russiýanyň Ukraina guraýan hüjümleri sebäpli Sowuk söweşiň ortadan aýrylmagyndan soňky iň çylşyrymly döwrüni başdan geçirýär.NATO agza ýurtlar guramanyň döredilen gününiň 75-nji ýylynda ABŞ-nyň paýtagty Waşingtonda bir ýere jemlenişdi.

Gurama agza ýurtlaryň arasyndaky düşnüşmezlikler, Ukrainadaky söweşden öň umuman alnanda ortadan aýrylan bolsa-da agza ýurtlara diýseň ynjyk etap garaşýar.Russiýa garşy durmak, Hytaý bilen strategiýa taýdan gatnaşyk etmek we guramanyň täze howplara garşy taýar bolmagy meselesi gün tertibinde esasy orun eýeleýär.

Waşingtonda geçirlen NATO-nyň liderler sammitinde goranyş strategiýasy, Ukraina we Hytaý meselesi giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.

SETA-nyň Howpsuzlyk bölüminiň direktory Prof. Dr. Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Döredilen gününden bäri NATO-nyň goranyş we ýüz öwürdijilik strategiýalary guramanyň howpsuzlygynyň ýola goýulmagynda uly rol oýnaýar.Russiýanyň Ukraina guraýan hüjümleri sebäpli NATO ýene-de bir gezek Russiýany iň uly konwensional harby howp hökmünde kabul edýär.

NATO-nyň Waşington sammitinde hem bu mesele giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.Sammitiň jemleýji jarnamasynda Russiýanyň Ukraina guraýan hüjümlerine, Ýewropa-Atlantik sebitiniň parahatçylygyna we durnuklylygyna abanýan howpa we halkara howpsuzlyk meselesine ýer berildi.

NATO şol howplara garşy goranyş we ýüz öwürdijilik ukubyny artdyrmak üçin Gündogar Ýewropadaky goranyş güýçlerini güýçlendirýär we guralmagy ähtimal hüjümlere garşy taýarlyk görýär.

NATO agza ýurtlaryň Russiýa garşy syýasy taýdan edýän basyşyny dowam etdirmegine we goýan sanksiýalaryny artdyrmagyna garaşylýar. NATO Russiýanyň hüjüm edijilik syýasatynyň jerimesini çekmegini isleýär we bu meselede egilşik etmejekdigini nygtaýar.

Sammitiň jemleýji jarnamasynda NATO-nyň Russiýa bilen gönüden gapma-garşy ýagdaýa gelmek islemeýändigi we howplary azaltmak üçin aragatnaşyk kanallaryny açyk tutmagy maksat edinýändigi nygtalýar.

NATO, Russiýanyň ýadro ýaragyny ulanmak howpuna diýseň ünsli çemeleşýär we ýadro ýüz öwürdüjilik syýasatyny gözden geçirmegi meýilleşdirýär. Bu Russiýanyň Belarusa ýadro ýaragyny ýerleşdirmek meýilnamasyna jogap bermegi we strategik howplary hem ele almagy öz içine alýar.

Jarnamada, NATO agza ýurtlaryň goranyş çykdajylary meselesine hem giňişleýin ýer berildi. Russiýanyň Ukrainadaky hüjüm edijiligi global howpsuzlyk krizisi bilen birlikde halkara ýaraglanma ýaryşyna sebäp boldy. Döwletler ýarag we harby enjam ätiýajyny artdyrmaga başlady. Umuman alnanda ýaragly güýçlerine uly maýa goýýan ýurtlar ýarag ätiýaçlaryny artdyrmak bäsleşigine girdi.

Söweş meýdanyndaky digitallaşma we harby-tehnalogik özgerlişikler, Ukraina söweşinde gazanylan tejribeler bilen birlikde NATO agza ýurtlaryň goranyş çykdajylaryny artdyrmagyna sebäp bolýar. Esasan Ýewropa ýurtlary we Kanada goranyş çykdajylaryny 18 göterim artdyrdy.

Waşington sammitiniň jemleýji jarnamasyna görä emeli intellekt, kuantum tehnalogiýalary we biýotehnalogiýalar ýaly ugurlarda hem öňe gidişlik edilmegi meýilleşdirilýär. NATO mundan başgada energetika howpsuzlygy we howa çalşygyna utgaşyklyk meseleleri boýunça hem uly jogapkärçiligi öz üstüne almaga çalyşýar.

Waşington sammitiniň esasy meselelerinden biri hem şihbesiz Ukraina meselesi boldy.NATO uzak möhletde rus hüjümlerine garşy Ukaina goldaw bermäge dowam eder. Şol maksat bilen NATO Ukraina harby enjam, tälim we infstruktura kömegini berer.

Ukraina harby enjam, tälim we infstruktura kömeginiň berilmegi üçin NATO-nyň Howpsuzlyk kömegi we tälim merkezi NSATU-nyň gurulmagy boýunça karar kabul edildi. Şol merkez, Ukrainanyň goranyş mümkinçiligini artdyrmagy we NATO utgaşyklyk etabyna goldaw bermegi maksat edinýär we guramanyň Ukrainanyň howpsuzlygyna we özgtýarlygyna goldaw berýändigini açyk-aýdyň görkezýär.

Beýleki tarapdan NATO, Ukraina harby enjam we tälim üçin ýylda azyndan 40 milliard ýewro ýagny 43,40 milliard dollarlyk kömek bermegi wada berdi. Şol maliýe kömeginiň Ukrainanyň Russiýa garşy goranyş we ýüz öwürdijilik ukubynyň artdyrylmagyny maksat edinýändigi nygtaldy.

Ukraina berilýän goldawyň esasy ugry bolsa NATO agzalygydyr. Emma agzalyk üçin anyk wagt berilmedi. NATO, Ukrainadaky söweş bes edilmezden doly agzalygy ara alyp maslahatlaşmagyň gaty kyndygyny kabul edýär. Mundan başgada Ukrainanyň NATO agzalygy meselesinde gurama agza ýurtlaryň arasynda garaýyş tapawutlylygy bar. Ukrainanyň NATO agzalygy hakyndaky jedelleşikler Russiýanyň gahar-gazabyna we söweşiň has-da uzamagyna sebäp bolup biler.

NATO-nyň Hytaý boýunça alyp barýan syýasaty meselesi hem guramanyň Waşingtonaky sammitinde giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.NATO-nyň 2022-nji ýylda kabul edilen Strategik meýilnamasynda hem nygtalşy ýaly Hytaýyň gün saýyn artýan täsirine garşy strategiýa taýdan oňyn tutum alyp barmaga çalyşýar.

Hytaýyň NATO üçin strategiýa taýdan esasy mesele bolup durýandygy mese-mälim.Emma gurama agza ýurtlaryň arasynda bu kynçylygyň nähili ýagdaýda ele alynjakdygy boýunça garaýyş tapawutlylygy dowam edýär.

Ýene degişli makalalar

Zelenskiý Rutte Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
75-nji ýylynda NATO
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Tramp Döwri
Russiýanyň Baş ştabynyň başlygy: "Günbatara garşylyk görkezeris" diýdi
NATO-nyň Baş Sekretary Mark Rutte şu gün Türkiyä sapar gurar