
Goranyş senagatynyň başlygy Haluk Görgün, Baýraktar TB2 ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň Polşa gowşurlandygyny mälim etdi.
Türkiýe, ilkinji gezek hem NATO hem-de ÝB-ne agza ýurda ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň eksportyny üstünlikli ýagdaýda tamamlady.
BAÝKAR firmasynyň Baş müdüri Haluk Baýraktar mesele hakynda beren beýannamasynda “Türkiýänin goranyş senagatynda gazanan üstünlikleri bilen buýsanýarys” diýdi.
2021-nji ýylda Polşa bilen ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň satuwy meselesinde şertnama baglaşylypdy.