NATO, Hataýda 4 Müň Adamlyk Çadyr Şäherçe Gurýar

NATO, Hataýda 4 Müň Adamlyk Çadyr Şäherçe Gurýar

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, NATO-nyň ýer titremelerinden soň Türkiýä 4 müň adamlyk çadyr berendigini we ýene-de 4 müň adamlyk çadyryň berilmegi üçin karar kabul edendigini mälim etdi.

Ministr Akar, Baş ştabyň başlygy goşun generaly Ýaşar Güler we güýç serkerdeleri bilen birlikde 6-njy fewralda güýç merkezi Kahramanmaraşda we 11 welaýatda uly ýiti çekilmegine sebäp bolan ýer titremelerinde soň iş sapary bilen Hataýa bardy.

Akar iş saparynyň çäginde, AFAD, Milli Goranmak ministrligi we NATO tarapyndan gurulýan 2 müň 400 adamlyk çadyr şäherçä bardy.

NATO-nyň ýolbaşçylary we harbylardan çadyr şäherçe hakynda maglumat alan Akar, raýatlaryň şäherde arkaýyn ýaşamagy üçin ähli ýeňillikleriň dörediljekdigini belledi.

NATO-nyň Hataýda jemi 4 müň adamlyk çadyr şäherçe gurýandygyny aýdan Akar, “Goşmaça ýene-de 4 müň adamlyk çadyr şäherçäniň gurulmagy üçin NATO bilen gepleşikler geçirildi we ylalaşyk gazanyldy” diýdi.

Çadyr şäherçede hajathana, hamam, aşhana, kir ýuwulýan otag, sport çadyry, saglygy goraýyş merkezi, çagalar üçin oýun merkezi, metjit we dolanşyk merkezi bar.

Ýene degişli makalalar

Putin Günbataryň howplaryna jogap berjekdiklerini aýtdy
Russiýanyň we ABŞ-nyň baş ştablarynyň başlyklary telefon arkaly gürrüňdeş boldular
NATO-nyň Baş Sekretary Ankarada Saparda Boldy
Tramp Döwri
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Uruşdan Soň Ýewropany Hyýal Etmek
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny