NATO Ankarada Guralan Terrorçylykly Hüjümi Ýazgardy

NATO Ankarada Guralan Terrorçylykly Hüjümi Ýazgardy

NATO-nyň Baş sekretary Mark Rutte, paýtagt Ankarada Kahramankazanda Türk Awiasiýa we kosmos senagaty firmasy TUSAŞ-a guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy.

Mark Rutte, X sosial media platformasyndan beren habarnamasynda, “Ankarada guralan terrorçylykly hüjümde ýogalanlara we ýaralananlara gynanç bildirýäris. NATO, hyzmatdaşymyz Türkiýä goldaw berýär. Terrory berk ýazgarys we wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýarys” diýip belledi.

Prezident Erdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini aýdan Rutte, NATO-nyň Türkiýä goldaw berýändigini ýatlatdy.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan NATO-nyň Baş Sekretary Rutte Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Günortada Türkiýesiz Ýewropanyň Howpsuzlygyny Üpjün Etmek Mümkin Däl
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ukraina Russiýa Bilen Söweşde Iň Agyr Gyşyny Başdan Geçirip Biler
NATO-nyň Ýadro Türgenleşigi Başlaýar