NATO agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleri, Ukraina goldaw bermek we Ýakyn Gündogarda başdan geçirilýän soňky wakalary ara alyp maslahatlaşmak üçin Belgiýanyň paýtagty Brýusselde bir ýere jemlenişdi.
Iki gün dowam etjek maslahatda Türkiýä Daşary işler ministri Hakan Fidan wekilçilik edýär.
Hakan Fidanyň maslahatda, Siriýadaky terrorçylaryň sebäp bolan durnuksyzlygyna we Türkiýäniň Siriýada başdan geçirilýän wakalaryň ýurduň territorial bitewiligine laýyklykda çözülmegine goldaw berýändigine ünsi çekmegine garaşylýar.
Ministr Fidanyň mundan başgada Ysraýylyň edýän harby jenaýatlary sebäpli Gazada başdan geçirilýän adamzat pajygasyny gün tertibine getirmegine garaşylýar.
Maslahatyň birinji gününde Iordan Şasy Abullah II gatnaşmagynda geçiriljek ilkinji oturlyşykda, Ýakyn Gündogardaky krizis we NATO bilen Iordaniýanyň arasyndaky gatnaşyklar seljerler.
Maslahatyň NATO-Ukraina oturlyşygyna bolsa Ukrainanyň Daşary işler ministri Sybiha bilen ÝB-niň Daşarky gatnaşyklardan we howpsuzlykdan jogapkAr ýokary wekili Kallas gatnaşar.