NATO agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň 30-31-nji maýda geçirjek resmi däl formatdaky maslahatda 9-11-nji iýul aralygynda ABŞ-nyň paýtagty Waşingtonda geçiriljek NATO agza ýurtlaryň Döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň sammitine görülýän taýýarlyklar gün-tertibine geler.
Sammitde ýüzöwürdijilik we goranyş meseleleriniň başda durmagynda NATO-nuň gün-tertibindäki esasy ugurlaryň, Russiýa bilen söweşýän Ukrainanyň goldanmagy we NATO-nuň günorta bölegi boýunça alynyp barylýan işleriň seljerilmegi meýilleşdirilýär.
Daşary işler ministri Hakan Fidanyň maslahata iki esasy madda bilen gatnaşmagyna garaşylýar.
Fidan terrorizm howpuna garşy bilelikde göreşmek meselesini gün-tertibine getirer.
Ýaran ýurtlara ekstremist terror guramasy PKK/PÝD/ÝPG-niň başda durmagnda, terror guramalaryna garşy göreş boýunça Türkiýäniň nämelere garaşýandygyny ýene-de bir gezek beýan etjek Hakan Fidan, terror guramalary bilen bähbit esasly hyzmatdaşlyk gatnaşygynyň açylmagyndan dessine el çekilmegi üçin çagyryş eder.
Fidanyň gün-tertibindäki beýleki bir maddanyň bolsa, goranyş senagaty bolmagyna garaşylýar.
Fidan maslahatda ýaranlaryň arasyndaky sanksiýalaryň we bökdençlikleriň dolulygyna aýrylmalydygyny nygtap, şol sanksiýalaryň we çäklendirmeleriň ýaranlygyň ýüzöwürdiji özbolyşlygyna zyýan ýetirýändigini nygtar.
Hakan Fidanyň Pragada özara duşuşyklar geçirmegi hem meýilleşdirilýär.