Natiýa Natswlişwili Türkmenistandaky diplomatik wezipesini tamamlady

Natiýa Natswlişwili Türkmenistandaky diplomatik wezipesini tamamlady

10-njy awgustda Türkmenistanyň DIM-de daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurtda öz işini tamamlaýan BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň hemişelik wekiliniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Natiýa Natswlişwili bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada TDIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar 1995-nji ýylda ýola goýlan Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň işjeň hyzmatdaşlygyny kanagatlanma bilen bellediler.BMGÖM ösüş ulgamynda BMG-niň işjeň edarasy bolmak bilen, ol türkmen tarapyna ýaşyl ykdysadyýete geçmek, durnukly oba hojalygy, sanlylaşdyrmak, şeýle-de durmuş goraglylygy ulgamyny gowulandyrmak, lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün etmek bilen bir hatarda, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek prosesinde netijeli hünär tejribelerini hödürleýändigi barada aýdyldy.

BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistan babatynda 2021-2025-nji ýyllar üçin ýurt boýunça maksatnamasy üstünlikli işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi.

Türkmenistanda alyp baran işlerine berlen ýokary baha üçin hem-de öz adyna aýdylan mähirli sözlere we ýagşy arzuwlara hoşallyk bildirmek bilen, hanym Natiýa Natswlişwili netijeli hyzmatdaşlyk we Türkmenistanda BMGÖM-iň işine berlen goldaw üçin türkmen tarapyna hoşallygyny beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň ýolbaşçysy Türkmenistandaky işini tamamlady
28.02.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Altyn Asyr Türkmen kölüniň sebitindäki ekologiýa ýagdaý bilen tanyşdy
Berdimuhamedow halkara guramalarynyň wekillerine “Altyn asyr” kölüni görkezdi (foto)
Akýaýlanyň adamlary emeli köl taslamasynyň obalaryny ýykyp, çagalaryny okuwsyz goýandygyny aýdýarlar
08.05.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Altyn asyr Türkmen kölüniň çäginde täze obanyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
Ýykylan Akýaýlanyň golaýynda täze oba gurulýar, synçylar ekologiýa aladalaryny duýdurýarlar