Nataşa Pirs-Musar ýeňiş gazandy

13-nji noýabrda Sloweniýada geçirilen Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda partiýasyz dalaşgär, aklawçy Nataşa Pirs-Musar 53,86% ses bilen ýeňiş gazandy.

Respublikanyň Döwlet saýlaw toparynyň maglumatlaryna görä, saýlawçylaryň 46,14%-i ýurduň öňki daşary işler ministri, Sloweniýanyň demokratik partiýasynyň orunbasary Anže Logara ses berdi.Jemleýji netijeler 29-njy noýabrda belli bolar.

Saýlanan Prezident şu ýylyň 23-nji dekabrynda öz wezipesinde iki möhlet işlän hem-de Respublikanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, üçünji gezek dalaş edip bilmeýän häzirki Prezident Borut Pahoryň ygtyýarlyklarynyň möhleti gutarandan soň wezipesine girişer.

Ýurtda 1,7 million töweregi raýatyň ses bermäge hukugy bar.

Ýene degişli makalalar

Sloweniýanyň ilkinji zenan Prezidenti
Türkmenistanyň diplomaty Sloweniýanyň Prezidenti bilen duşuşdy
Gurjak teatry täze möwsümde Arşyn mal alany“ görkezdi
Natalýa Kalugina: durmuş ýörelgesine öwrülen ylmy we döredijilik gözlegi
Türkmen döwlet gurjak teatrynda Kerwenbaşynyň ogly oýny goýuldy
Türkmenistanyň ýörite gulluklary awia ýolagçylar baradaky maglumatlary öňünden alarlar