Natalýa Kalugina: durmuş ýörelgesine öwrülen ylmy we döredijilik gözlegi

Nakgaş Natalýa Kalugina sergileriň birinde suratlaryny däl-de, şaý-sepler toplumyny görkezip, ony Planetany has arassa saklalayň diýip atlandyrdy. Olaryň köpüsi adaty plastiki çüýşelerden ýasalan bolsa-da, özboluşlylgy bilen tapawutlanyp, ekologiýa taýdan arassaçylyga çagyrýardy. Tomaşaçylara ussatlarça ýasalan owadan we göze geliwli zatlar teklip edildi.

Natalýa Pawlownanyň öýüne myhmançylyga baranymda gören zatlarym hasam haýran etdi. Alynky jaýda gadymy küýzelere we irki döwürleriň siwilizasiýalardan galan, gazuw agtaryş işlerinde tapylan küýze döwüklerine, diwarlarda bolsa, öz döreden işleri, jaýynyň otaglarynyň birinde we eýwanynda kitap tekçeleri bardy. Natalýa Pawlowna kitaplaryň köpüsini kakasy- türkmen geologiýasynyň düýbüni tutanlaryň bir akademik Pawel Kaluginiň ýygnandygyny aýtdy.

-Uly alymyň gyzynyň çagalygy gyzykly bolandyr-la?

-Beýle däl. Men köplenç özümi ýeke duýýardym,--diýip, Natalýa Pawlowna gussaly ýylgyryp jogap berdi.

Onuň ejesi kakasy bilen ýygy-ýygydan ekspedisiýa gidip, gyzyny öýdeniçer aýala tabşyrýardy.Nataşa kitap okamagy juda ir öwrendi, kitaplar onuň iň ýakyn dostlary boldy.Gyzjagaz surat çekmegi halaýardy, emma kakasy žiwopis ýetde-gütdelikde ýaşaýanlaryň güýmenjesi , gyzymyň durnukly eklenç berýän hünäri bolmaly“- diýip, onuň terjimeçi bolaryny isläpdi.

Ejesi bolsa onuň diplomat bolaryny arzuwlaýardy. Şonuň üçinem ol heniz 5 ýaşyndaka iňlis, 12 ýaşynda bolsa fransuz dilinden mugallymy hakyna tutupdylar.Latyn, nemes we türkmen dillerini özbaşdak öwrenipdi.

Nataşa mekdebe gidende biliminiň beýlekilerden saýrylygy ony deň-duşlarynyň arasynda meşhur etmedi, çagalar ökde okuwçydan gaça durýardylar. Ol köp surat çekerdi we plastilinden dürli zatlary ýasardy. Onuň ýaşytdaşlary palstilinden tilkijiklerdir towşanjyklary ýasasa, ol portretleri döredýärdi.

Natalýa Pawlowna bir gezek mamasynyň agtygynyň ýasan zatlarymy görüp: Edil hakyky ýaly-da!- diýendigini ýatlaýar. Onsoň ejesi suratly albomyny we ýasan zatlarynyň birnäçesini surat mugallymyna görkezende olaryň üýtgeşik zehin görünmeýändigini,, çeperçilik sungaty bilen meşgullanmasa gowy boljakdygyny aýtdy. Muňa ejemiň sözi täsir etdimikä diýýarin. Onsoň men onlarça ýyllap surat çekmegi we zat ýasamagy goýmaly boldum.

Ol hemme zady başaran Leonardo da Winçini öz kumiri saýýardy.Nataşa oňa meňzejek bolup, gurjaklara köýnek biçmegi, örmegi, keşde çekmegi, hatda neçjarçylyk etmegem öwrendi.Tehnika molodýoži žurnalyna gyzyklanmagy netijesinde suwasty gäminiň düýpgöter täze nusgasyny döretdi- gämini herekete getirji enjamy onuň burnundan merkezine geçirdi, sessiz işlär ýaly ony turbada ýerleşdirdi, gabarasyny bolsa balyklara syn eder ýaly açyk reňkli etmegi teklip etdi.

Kakasy onuň çyzgylaryny deňiz inženeri bolup işleýän uzak garyndaşlarynyň birine görkezende Nataşanyň taglymatyna çaga hyýalyndan başga zat däl diýipdi. 40 ýyldan soň arada žurnallaryň birinde ýaponlaryň şeýle gämini döredendigini okapdy...

14 ýaşyndaka kakasy ýogaldy.Garyndaşlarydyr tanyşlary ol ata hünärini dowam etmeli diýdiler.Onsoň ol mekdebi tamamlandan soň Moskwa döwlet uniwersitetiniň geologiýa bölümine okuwa girdi.Birinji okuw ýylynda toprak gatlaklarynyň beýan edilişi belli bir ülňä getrilmeli diýip mugallym bilen jedel etdi.

Mugallym onuň bilen ylalaşmandy, häzirki wagtda bütin dünýäde känleriň matematiki modelini düzmek üçin toprak gatlaklarynyň ylmy taýdan delillendiriliş usulyny kabul edildi.Munuň özi onuň ykrar edilmedik ikinji üstünligidi.

Uniwersiteti tamamlandan soň aspiranturanyň gaýyban bölümine girdi we Infragyzyl spektometriýanyň maglumatlary boýunça Türkmenistanda nebtiň we kondensatlaryň biohimiki aýratyngy teamsyndan möhletinden öň diisertasiýasyny gorady.

-Doktorlyk dissertasiýamy 34 ýaşymda gorapdym- diýip Natalýa Pawlowna gürrüň berýär.- Men serteraşhana gelip, ussadan meni 10 ýaş töweregi uly görner ýaly edeweri diýenimde, hememler geň galypdy. Men 60-70 ýaşly alymlaryň öňünde dissertasiýa goramalydygymy, ýaş görünsem işimiň şowuna bolmazlygndan çekinýänlgimi düşündirdim. Şeýdip dissertasiýa goramaga saçymy agras bejerdip, işewür eşikli gidipdim.

Geologiýa ylymlarynyň doktory adyny alandan kän wagt geçmänkä onuň Infragyzyl spektrometriýa usuly we Nebitleriň we kondensatlaryň infragyzyl spektometriýasy ýaly iki kitaby çap edildi. Kaluginanayň Infragyzyl spektometriýanyň maglumatlary boýunça Orta Aziýanyň nebitleriniň we kondensatlarynyň geohimiki aýratynlygy atly üçünji kitaby Ylmy-tehniki maglumatlar institutyna saklanmaga alyndy.

Soň onuň durmuşynda kyn döwürler başlansoň ylymdan daşlaşmaly boldy. Adamsy agyr kesellänsoň kiçijik oglunyň aladasy onuň gerdenine düşüpdi. Onsoň Natalýa Pawlowna terjimeçilge baş urdy.

-Oglum Gennadiý bäş ýaşynda surat çekip başlady,-diýip Natalýa Pawlowna gürrüň berýär.- Men onuň abstrakt suratlaryny Türkmenistanyň halk nakgaşy Wladimir Pawloskä görkezenimde ol onuň döredijiligne goşulmazlygymy haýyş etdi.

Ata-enemiň maňa surat çekmegi gadagan edenligi ýadyma düşüp, oglumyň güýmenjesine böwet bolmadym, onuň nakgaş bolaryny isleýärdim. Ýöne hünär saýlamaly bolanda, ol arhitektor lygy saýlady.Onsoň men oglum nakgaş bolmadymy, indi men bolaryn diýdim.

Reňk baryny satyn aldym-da, höwes bilen surat çekip ugradym, 2009-njy ýylda ilkinji sergim gurnaldy.

Žiwopis ussatlary: Zehinli, ýöne hýwesjeňler derejesinde-diýdiler. Näme etmeli? Çeperçilik ýörüte okuwyna ýaşym sebäpli girip biljek däldim, şonda-da islegimden ýüz öwürmedim. Internetden şotlandiýaly mugallym Marion Bodi-Ewansyň painting.about.com gaýybana mekdebini tapdym we 4 ýylda žiwopis sungatynyň esaslaryny ele aldym. 2015-nji ýylda bäşinji özbaşdak sergimi guranymdan soň Türkmenistanyň Nakgaşlar birleşignie kabul etdiler.

Natalýa Kaluginanyň nakgaşlyga başlanyna kän wagt geçmedigem bolsa, ol eýýäm tanalyp ugrady. Onuň has belli Şiblan baba aramgähi suratynda derdine derman we islegleriniň wysal bolmagyna umytly adamlaryň gelýän Sumbar jülgesindäki ady belli aramgäh şekillendirilipdir. Aramgähiň döremegi wysal bolmadyk söýgi bilen baglanşykly... 2х3 metr ölçegli bu äpet surta sazlaşykly sary-benewşe reňkde çekilipdir.

Natalýa Pawlowna Kalugina dogduk diýaryň gözel ýerlerine syýahat etmegi gowy görýär. Onuň pikirine görä, nakgaş üçin ýaramaz howa ýok, geolog bolup işlänsoň ol durmuş amtsyzlyklaryna üns bermezlige endik enipidir.

Çöl agşamy“ suraty gum depelerine şapak nury düşýän ýumşak gülgüne reňklerde çekilip, onda gazaply howa şertlerine garamazdan kölegejigi çäge düşüp duran ýanbermez golçur ýaşaşýyş ugrunda göreşýär. Ýolagçylaryň onlarçasynyň oňa üns bermedik bolmagy mümkin, emma Natalýa Pawlowna ony suratynyň baş gahrymany edipdir.

Ol adaty bir tut agaçlaryndanam ýumor tapmagy başarýar. Onuň Trollileriň ýörüşi“ atly degişme äheňli suratynda daragtlar daglaryň jümmüşinde ýaşaýan skandinawiýa yrymlaryndaky hyýaly jandarlaryna öwrülýär. Ol hatda agras tomaşyçylaram ýylgyrdyp bilýär.

Arzuwlaýan öýüm“ suratynyň ýordumy Natalýa Pawlownanyň durmuş isleglerini, onuň şäher hysyrdylaryndan gaçyp, tebigat dünýäsine aralaşmaga höwesini beýan edýär, ondaky jaý güýzüň altyn reňklerine bürelen. Bu ýer päkize hem asuda, ol dostlary Kuznesowlaryň maşgalasynyň öýi, nakgaş bu ýerde özüni aladasyz hem bagtyýar duýýar.

Bu esere kybapdaş Ybadathana barýan ýol“ atly suraty hem bellenilmäge mynasyp. Ençeme zyýaratçynyň aýak yzyndan dörän metjide barýan ýol gamyşdyr gyrymsy ösümliklerden emele gelen beýik haýatly. Bu ýerde jöwzaly Günem ýok, diňe ýeňiljek şemal güýz otlarynyň hoşboý ysyny alyp gelýär. Göwnüň armany-ýadamany şeýle ýoldan gidip, durmuşdan lezzet almagyňy isleýär.

Natalýa Kaluginanyň Gawunyň dabarasy“ ýa-da Altyn gawun“ eseri özboşlylygy bilen beýlekilerden saýry gelýär, ony nakgaş altynsow reňkde çekipdir. Özem gawun salnan horjun açyk reňklerde däl-de, ak-gara reňklerde erlipdir. Altyn gawun- bu miwäniň dünýä belli görnüşlerini kemala getiren tükmen halkyny seçgiçileriniň zehinine buýsanjy beýan etse, horjunlaryň gölleriniň yzygiderliligi awtoryň bakjalaryň melikesine“ aýratyn baha berýänligini nygtaýar.

Natalýa Pawlowna portert çekmegiňem ussady.Olarda ol diňe bir gahrymanynyň ýüz kebiniň aňryçäk meňzeşligini gazanman, eýsem onuň häsiýetini, içki ýagadaýyny-da çeper beýan etmegi başarýar.Joram Maýanyň portreti“ eseri şeýle bir şowly çykdy welin, ol ýanynda bolmadyk pursdam jorasyny görüp durar ýaly suraty öýünde görnükli ýerde asyp goýupdyr.

Türkmenistanyň at gazanan nakgaşy Olga Mämmedowanyň, şeýle hem Natalaýa Pawlownanyň maşgala agzalarynyň portretleri-de özüne çekiji.Ol bu žanrda-da üstünlik gazanyp biljek, ýöne tanyş-u-nätanyş ýerlerine gidip surat çekmek onuň ýüregine has ýakyn gelýär.

Dürli daşlardan zenalar üçin bezegleri ýasamgyň yşgyna düşdi, olary ýasaýşyna-da gep ýok, çünki zehinli adam başyna baran her işini gül edýär...

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan surat sergisi açyldy
Natalýa Kalugina: ýüregim daglar diýip atygsaýar...
Natalýa Kalugina: ýüregim daglar diýip atygsaýar...
Aşgabadyň depginli ösüşiniň suratlardaky beýany
Býeik Ýüpek ýoluna bagyşlanan işleriň bäsleşiginiň jemi jemlenildi
Happy Childhood