Nasaf bu ýyl Altyn asyryň garşydaşy bolmaz, ol AFK-nyň Çempionlar ligasyna hukuk gazandy

Nasaf bu ýyl Altyn asyryň garşydaşy bolmaz, ol AFK-nyň Çempionlar ligasyna hukuk gazandy

Şu gün AFK-nyň Çempionlar ligasynyň saýlama duşuşyklary geçirildi. Şolaryň birinde BAE-de Baniýas futbol topary Özbegistanyň Nasafyny kabul etdi.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Nasaf bu duşuşykda ýeňiş gazanyp bilse, ýoluny yklymyň birinji derejeli ýaryşynda dowam etdirjekdi, eger topar ýeňilse, geçen ýylda bolşy ýaly, AFK-nyň kubogynda Altyn asyryň garşydaşy boljakdy.

Agşam sagat 21:15-de başlanan duşuşykda Nasaf ýer eýelerini 2:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda ilkinji pökgini 27-nji minutda Şerzod Nasrullaýew geçirdi. 75-nji minutda bolsa AFK-nyň kubogy ― 2021-iň iň netijeli futbolçysy Husaýn Norçaýew bu ýeňşi has berkitdi.

Şeýlelikde, Nasaf Aziýanyň Çempionlar ligasynyň E toparçasyna adyny goşdurmagy başaardy. Bu toparçada ozal Kataryň Al-Sadd, Saud Arabystanynyň Al-Faýsali we Iordaniýanyň Al-Wehdat toparlary bardy.

Bu toparçanyň duşuşyklary 7 ― 27-nji aprel aralygynda Saud Arabystanynyň Dammam şäherinde geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Serdar Azmun Türkmenistana garşy oýna gatnaşmak üçin Eýranyň ýygyndysyna çagyryldy
“Al-Sadd” bilen “Suwon Samsung” bir ädim öňde
“Al-Sadd” bilen “Suwon Samsung” bir ädim öňde
Ikisi-de ilkinji gezek finalda
Aziýada “Kaşima”, Afrikada “Esperans”
“Altyn asyr” bilen “Dordoý” iň köp oýunçy iberen klublar