NASA Mars planetasynda ýazylan sesleri köpçülige çykardy

NASA Mars planetasynda ýazylan sesleri köpçülige çykardy

NASA kosmos gullugy “Perseverance” marsohody tarapyndan Marsda ýazgy edilen sesleri köpçülik üçin elýeterli etdi. Bu barada ferra.ru habar berdi.

“Perseverance” marsohodynyň Marsyň ýüzüne gonanyna bir ýarym ýyl töweregi wagt boldy. Şondan bäri hem ol Gyzyl planeta bilen baglanyşykly gyzykly materiallary paýlaşyp gelýär. Bu gezek NASA kosmos gullugy Marsyň üstünden ýazgy edilen ses ýazgylaryny çap etdi. Indi bu sesler gullugyň resmi web sahypasynda köpçülik üçin elýeterli. Munuň şu güne çenli döredilen iň oňat ses materiallaryndan biridigi bellenilýär.

Ses ýazgylaryny almak üçin marsohoda birbada iki sany iňňän duýgur mikrofon ornaşdyryldy. Olaryň kömegi bilen NASA-nyň hünärmenleri bir ýyla golaý wagt bäri, ýagny 2020-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri dürli sesleri ýazgy edip gelýärler. Ýygnalan materiallaryň umumy dowamlylygy 5 sagatdan gowrak diýip, çeşme belleýär.

Ýene degişli makalalar

Asteroid nusgalary öwreniler
Dünýä täzelikleri gysga setirlerde
Marsyň çuňluklarynda gizlin ummanlar tapyldy
Mars roboty ýalňyşlyk bilen açyş etdi
Mars Günüň aňrysynda “bukuldy”
Adamlar zerarly Marsda takmynan 7,12 tonna kosmiki zyňyndy toplanypdyr
NASA Marsda bir ýyllyk durmuş synagyny tamamlady