
NASA-nyň soňky duýdurşy astronomlary hüşgär ýagdaýa getirdi.
Giňligi 90 metre barabar bolan 2024 ÝR4 atly ateroidiň 2032-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Dünýä planetasyna kakma ähtimallygy 2,3 göterime çykdy.
Howp pes bolmaga dowam edýän hem bolsa, mundan ozal 1,3 bolan şol mukdaryň ýokarlamagy asteroidiň orbitasyna bolan gyzyklanmany artdyrdy.
Bilermenler uly howpuň ýokdugyny beýan edýän hem bolsalar, planetany goramagyň ähmiýetini nygtaýarlar.
Kakma ähtimallygy amala aşan halatynda asteroid uly seismiki herekete we sebitleýin howa kadasyzlyklaryna sebäp bolup biler.
Dowam edýän barlaglar we ösen barlag usulyýetleri çaklamalary ýokarlandyrmagy hem-de potensial howplary azaltmagy maksat edinýär.