“Napoli” we “Ýuwentus” bir ädim öňde

Italiýanyň Kubogy ýaryşynda ýarym finalyň 1-nji duşuşyklary oýnaldy.Milan şäherindäki “San Siro” stadionynda oýnalan bu duşuşyklarda “Inter” topary “Napoliden” 10 asgyn geldi.Jennaro Gattusonyň tälimçiliginde “Napoli” toparyna ýeňiş getiren ýeke-täk goly 57-nji minutda Fabian Ruiz öz adyna ýazdyrdy. “Milan” bilen “Ýuwentusyň” arasyndaky duşuşyk 11 hasabynda deňlikde tamamlandy. 61-nji minutda Ante Rebiçiň goly bilen öňe saýlanan “Milanyň” çep gyraky goragçy Teo Hernandes 70-nji minutda gyzyl kartoçka alyp, oýundan çykaryldy. Şondan soň, hüjümlerini ýygjamlaşdyran “ýuwentuslylar” 90-njy minutda VAR-yň kömegi bilen penalti urgusyny urmaga hukuk gazandy.

Ony-da dürs ýerine ýetiren Kristiano Ronaldo hasaby deňledi (90+1).Jogap duşuşyklary 45-nji martda oýnalar.

Ýene degişli makalalar

Ilkinji finalçy Ispaniýamy ýa-da Fransiýa?!
“Milan” ýeňlişsiz ýeke-täk topar
Transfer möwsümi tamamlandy
Italiýanyň we Ispaniýanyň çempionatlarynyň täze möwsümi
Dünýä Kubogynda 20 ýyldan soň täze çempion
FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR