“Napoli” 3 goragçyny düzümine goşdy

Italiýanyň “Napoli” topary Alessandro Buonjornony, Leonardo Spinazzolany hem-de Rafa Marini transfer etdi. Ýurduň başga bir kluby “Torinodan” transfer edilen merkezi goragçysy Alessandro Buonjorno üçin neapollylaryň kassasyndan 35+5 million ýewro çykar. “Napoli” topary 25 ýaşyndaky italýan goragçysy bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşdy. “Torinoda” 109 oýun geçiren Buonjorno “Karpi” hem-de “Trapani” klublarynda-da kärendesine çykyş etdi.

Buonjornony transfer etmek isleýän klub 70 million ýewro tölemeli bolar.

“Napoli” topary “Roma” bilen şertnamasy tamamlanan çep gyraky goragçy Leonardo Spinazzolany tölegsiz transfer etdi. “Napoli” topary 31 ýaşyndaky italýan oýunçy bilen 2 ýyllyk şertnama gol çekişdi. Spinazzola karýerasyna “Ýuwentusda” başlap, “Empoli”, “Siena”, “Atalanta”, “Wiçenza”, “Peruja” ýaly klublarda-da oýnady.

Tomsuň başynda Antonio Konteni tälimçilige bellän “Napoli” topary “Real Madridiň” merkezi goragçysy Rafa Marini hem 12 million ýewro transfer etdi. Geçen möwsümi “Alawesde” kärendesine geçiren 22 ýaşyndaky Marin italýan topary bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy.

Ýene degişli makalalar

Soňky çempiony uly hasap bilen ýeňdi
Möwsümdäki ilkinji ýeňşi
Türkmenistan: Sport Ýewropa çempionatlaryndan duşuşyklary göni ýaýlymda alyp görkezmegini dowam etdirýär
Serie A-nyň 90-njy möwsümi başlaýar
London we Mançester derbileri
“Milan”, “Inter”, “Roma”, “Ýuwentus” “Serie A”-nyň täze möwsümi