Namibiýanyň Prezidenti wezipesine ilkinji gezek zenan saýlandy

Namibiýanyň Prezidenti wezipesine ilkinji gezek zenan saýlandy

27-nji noýabrda Namibiýada geçen Prezident saýlawlarynda ýurduň Prezidentiniň orunbasary we dolandyryjy Günorta-Günbatar Afrikanyň Halk guramasynyň wekili Netumbo Nandi-Ndaitwa ýeňiş gazandy.

Bu barada Namibiýanyň Saýlaw toparynyň resmi habaryna salgylanýan "TASS" habar berdi.

Ähli saýlaw býulletenleri sanalandan soňra Nandi-Ndaitwa üçin ýurduň saýlawlara gatnaşan raýatlarynyň 57 göteriminiň ses berendigi belli boldy.

Netijede, Namibiýanyň tutuş taryhynda ilkinji gezek döwlet Baştutany zenan boldy, ol dalaşgärleriň 14-sinden üstün çykmagy başardy.

Fewralda Namibiýanyň Prezidentiniň wezipe ygtyýarlyklaryny wagtlaýyn ýerine ýetirýän wise-Prezident Nangolo Mbumba döwlet Baştutany hökmünde kasam kabul etdi. Ol Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy Netumbo Nandi-Ndaitwany täze wise-Prezident wezipesine belledi.

Ýurduň Lideri Hage Geýngoba 4-nji fewralda agyr keselden aradan çykdy.

Öň Namibiýa BRIKS halkara guramasyna birleşmeklige gyzyklanma bildirýändigini yglan edipdi.

Ýene degişli makalalar

Namibiýanyň täze Prezidenti Nangolo Mbumba kasam kabul etdi
Namibiýanyň ilkinji zenan Prezidenti
17-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
BMG: Soňky 100 ýyldaky güýçli yssy Afrikanyň günortasyny hasylsyz goýdy
Haýsy ýurt tutýan meýdanynyň giňdigine garamazdan, iň az ilatly hasaplanýar
2020-nji ýylda tapylan ösümlikler