Nakgaş Allaberdi Öwezdurdyýew gözellik döretmegiň ussady

Türkmenistanyň Nakgaşlar birleşiginiň sergi zalyna gelenler Mary žiwopis mekdebiniň wekili Allaberdi Öwezdurdyýewiň döredijiligi bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Serginiň merkezinde molbertiň üstünde goýlan “Gyş” suratyna syn edeniňde nakgaş, hamala, ony henizem çekip ýören ýaly duýgy döreýär.Onda daş-töweregi gar basan ak öýleriň bäşisi şekillendirilipdir.Käte bir göze ilýän goňras reňkli gary erän ýerler surata garşylyklaýyn äheň berýär.

Oňa syn edeniňde süňňüňi ýeňledýän çala aýazam duýulýan ýaly bolup dur...Taýhara odun atyp gelýän goja, öýleriň tüýnüginden sozulyp çykýan insizje tüsse ýorduma üýtgeşiklik berip, ata-ene ojagynyň mährini ýada salýar...

Allaberdiniň asly Mary welaýatynyň alysdaky obalaryndan, şonuň üçinem onuň eserleriniň aglabasy obadaşlaryna, olaryň durmuşyna, dogduk iliniň gözel ýerlerine bagyşlanan.Mysal üçin, “Günorta çagy” suraty durşuna ak-sary-mele şöhle bolup dur.

Olaryň nämedigine birbada düşünibem bilmeýärsiň, siňňin syn edeniňde bolsa, suratda ter otdan doýan toklularyň gäwüş gaýtaryp ýatandygyny görýärsiň.Bu üýtgeşik surata syn edip, oňa “Biz-ä dynç alýarys” ýa-da “Garny doka bela ýok...” kysmy gülkünjiräk at dakasyň gelip dur.

Onuň özüne çekiji beýleki üýtgeşikligi nämede diýseňizläň?Ol kalbyňa täsir edýän eser!Bu-da Allaberdiniň döredijiliginiň saýry taraplarynyň biri.

Allaberdi Ýörüte çeperçilik orta hünär mekdebini tamamlandan soň Maryda çeperçilik mekdebinde sapak berip başlady. Ýörüte okuw mekdebinde ony žiwopis dünýäsine ataran Öwezmuhammet Akmuhammedow bolan bolsa, soňra çeperçilik mekdebindäki kärdeşleri Gurban Gurbanow, Aýna Nuryýewa, Annagledi Meretgeldiýew dagydan kär tilsimlerini öwrendi. Çagalara şekillendiriş sungatynyň syrlaryny öwredýän Allaberdi özboluşly döredijilik ýoluny kämillerdiriberdi.

“Ata daýy” suratynda taýharlyja dowar bakyp ýören çopan şekillendirilipdir. Birbada gysbyja ýordum ýaly. Ýöne Allaberdi gahrymanyny gamyşlaryň arasyndan beýan edip, üýtgeşik tilsim tapypdyr.

Nakgaş “Külal” suratynda reňk çalşyklaryna ussatdygyny görkezýär. Säher-saba Gün dogar-dogmazda bir goja araba kýzedir güldanlaryny ýükläp, bazar sary ýola düşüpdir. Güneş jaýlaryň depesine altynsow reňk çaýyp, ýol üstündäki her bir daşa aýna bolup bakypdyr-da, olara tylla röwüş beripdir. Nakgaşyň fantaziýasy bilen mawy reňkde berlen kölege şuglalarynyň garşylygyy baş gahrymanyň daş-töwereginde reňk röwüşleriniň düregeý öwüşginleri döreýär.

Allaberdi reňk öwüşginlerini we ýalpyldylary suratlarynda köp ulanýar. Dogrusy, ol nakgaşyň özboluşly žiwopis usulyna öwrülipdir. “Tomus” suratynda tomus jöwzasynda meýdançadan gidip barýan milli eşikli gyzlar şekillendirilipdir. Olar yssydan goranyp, saýawanlaryny açypdyrlar. Nakgaş olary arka tarapyndan çekipdir welin, saýawanlar baş gahryman bolaýypdyr. Žiwopisçi meýdançany-da, gyzlary-da sary-gök-goňur reňklerde çekip, türkmen tomsunyň jöwzaly howasyny görkezipdir.

“Külal”, “Tomus” suratlarynda ýalpyldylar eseriň özboluşly bezegi hökmünde ulanylan bolsa, “Höwürtge” atly işinde nakgaş olary baş gahryman edipdir. Tegmillerden doly höwürtgäni gören adam nakgaşyň guş mekanynyň çeper bulam-bujarlygyny üýtgeşik beýan edende hakyky ýagdaýdan daşlaşmandygyna göz ýetirer.

Allaberdi Öwezdurdyýewiň okuwçylarynyň bagty çüwüpdir, çünki olaryň halypasy dünýä özboluşly garaýyşly, özüne mahsus tilsimli we kendir matada gözellik döredibilýän zehinli nakgaş...

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
Berdimuhamedow ýurduň ýolbaşçylar düzümini Türkmenistanlyň Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli ýadygärlik nyşany bilen sylaglady