Nakgaş Aleksandr Kaşirskiý: geçmişe syýahat

Awtorlyk sergisine barýanlaryň köpüsinde ol ýerde goýlan eserlere syn edenlerde nakgaşyň nähili adamdygy barada pikir hyýalyna gelýärmikä diýýärin...Paýtagtymyzyň Sergi merkezinde işleri görkezilýän Aleksandr Kaşirskiý dogduk Aşgabadyny ýürekden söýýän adam, ol öz eserlerinde ýaşlyk döwrüniň şäheriniň köçejikleridir şaýollarynyň ýakymyny ýada salyp, geçmişe syýahat etmäge çagyrýar.

Aleksandr Kaşirskiniň döredijiligine dürlüçe düşünmeli. Ünsüňi özüne çekýän suratlaryň ýordumy çylşyrymly bolup, olaryň tilsim sadalygynyň aňyrsynda göçme manylaryň ençemesi ýatyr.Mysal üçin, Aleksandr Kaşirskiniň sergisiniň başyny başlaýan “Geçmişiň awtobusy” işini alyp göreliň.

Köneje awtobusyň ýolagçylary dürli nesliň wekilleri, onuň penjirelerinden bolsa, dür kimin päkize suwly çüwdürimli Aşgabadyň häzirki keşbi görünýär.Kaşirskiniň suraty söwer şäheriniň täze keşbini görmedikleri Aşgabada gezelenje aýlaýan ýaly bolup dur.

Surat şertli iki bölege awtobusyň äpişgesinden görünýän şaher manzaryna we awtobusdaky adamlara bölünýär.Olaryň arasynda nakgaşyň özem bar, ony ýolagçylaryň biriniň keşbinden tanasa bolýar, hristian dinine uýýanlaryň penakäri Ysrapyl perişdäniň ýanynda merhum mamasy şekillendirilipdir. Üýtgeşik gahrymanlaryň biri-de awtobusyň işiginiň söýesine ýaplanyp duran Çarli Çaplindir. Çarli Çaplin barada sowala Kaşirskiý: “ol geçen eýýamyň nyşany we ýola çykanlaryň göwnüni göterýär”--diýip gysga jogap berýär. Çapliniň keşbi suratyň ýordumyna çaprazlyk görnüşinde goşulypdyr...

Tanymal wäşi işigiň öňünde duran bolsa-da, onuň keşbi suratyň geçmişden söz açýandygyny aňladýar.Tomaşaçylar surat yzyna surata syn edenlerinde öňki Aşgabadyň sadaja gözelligine we gelşigine dolanan ýaly bolýarlar: Güneş nuruna dolan geçelgeler, tanyş detally iki gat jaýlar, şähere mahsus alňasamazlyk bulary suratlaryň “Güneşli öý”, “Nostalgiýa”, “47-nji jaý”, “Wokzalyň gapdalyndan geçýän köne köçe” ýaly ady hem aýdyp dur. “Wokzalyň gapdalyndan geçýän köne köçe”, “47-nji jaý” suratlarynda köçeden egni mawy keltekçeli şol bir adam gidip barýar.

Aleksandr Kaşirskiý bu ötegçiniň öz dostydygyny, “Göwher” suratyndaky benewşe reňkli köýnekli zenanyň bolsa, işdeşidigini gizläp durmaýar.Nakgaş suratlarynyň birinde özüni çekipdir.Kaşirskiniň pkirine görä, adam keşbi manzarlara özboluşlylyk berýär.

Nakgaş köne Aşgabadyň keşbiniň garalamasyny etmänligine ökünýär.Häzir onuň belli bahasy bolmazdy.Aleksandr Kaşirskiý dürli ugurdan işleýän zehinli nakgaş. Şäher manzarlaryndan başga-da, sergide demir medalýonlara şekil salnan portretler toplumy görkezilýär.

Olaryň gahrymanlary tanymal nakgaşlar: Bäşim Nuraly, Juma Jumadurdy, Çary Amangeldiýew, Saragt Babaýew, şeýle hem türkmen we ýewropa kompozitorlarydyr aýdymçylary we sazandalary: Weli Muhadow, Çary Nurymow, Myrat Diwanaýew, Medeniýet Şahberdiýewa, Iogann Bah, Iogann Ştraus, Frederik Şopen, Edward Grig we beýlekilerdir.

Kaşirskiý aýdym-sazyň muşdagygydyr öýdýärsiň. Ýöne gep munda däl.Alkesandr Kaşirskiý -- haşamçy-nakgaş.Ol Döwlet çeperçilik ýörüte orta hünär mekdebiniň zergärlik bölümine okuwa girýär, soňra ol demiri çeper işlemek bölümine öwrülýär.

Okuwyny tamamlandan soň ol Durmuş hyzmaty ministrliginiň konstruktorçylyk bölümine işe iberilýär.Kaşirskiý dürli edaralarda, şol sanda “”Weçernyý Aşhabad” gazetinde nakgaş bolup işleýär. Ýöne ol lokomotiw deposynda metal guýulýan önümçilikde nusgaçy wezipesinde has köp işleýär.

Hut şu ýerde ol sungat işgärleriniň keşbi salnan medalýon ýasamaga imrigýär.Onuň dördijiliginiň kemala gelmeginde Durdy Baýramowyň hyzmaty uly bolýar, nakgaş onuň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Nakgaşlar birleşiginiň ýaşlar bölüminde kär tilsimlerini ele alýar.

Sergide medalýonlar tapgyryndan başga-da, Aleksandr Kaşirskiniň agaja şekil salan işleri-de goýlupdyr.Olardan has täsirlisi tanymal heýkeltaraş, köplenç rus Nostradamusy diýlen Sergeý Konýonkowyň, awstriýaly kompozitor, dirižýor we skripkaçysy Iogann Ştrausyň portretleri, şeýle hem “Uýaljaň maýmyn” heýkelidir.

Aleksandr Kaşirskiniň işleriniň özbaşdak sergisi esseçi-nakgaşy açdy, onuň eserleri diňe bir haýran galdyrman, eýsem olar bize geçmişe syýahada çagyrýan žiwopis hekaýlary ýaly täsir edýär.

Ýene degişli makalalar

Halypa suratkeşleriň şahsy sergileri açyldy
ÝAŞ SAZANDALARYŇ ARASYNDA BÄSLEŞIKLI BAÝRAMÇYLYK KONSERTI GEÇIRILDI
Makron, yslama garşy öňki pozisiýasyndan yza çekildi
Yslam Ynkylapyň ýokary lideri: Yslam pygamberini kemsitmek Amerika-sionizmiň pitnesidir
Täze film
Haýsy eliňde ýazýarsyň?!