Nahaýan Türkiýe Bilen Gatnaşyklaryň Geljegine Ynam Bildirdi

Nahaýan Türkiýe Bilen Gatnaşyklaryň Geljegine Ynam Bildirdi

Al Nahýan Aýlag ýurtlaryna saparynyň çäginde Abu Dabi şäherine baran Prezident R.T.Erdogany we türk wekiliýetini Al Watan köşkünde resmi dabara bilen garşylady.

Dabaradan soň gysgaça söz sözlän Al Nahýan, Türkiýe bilen gelejekde-de özara gatnaşyklaryň has ösjekdigine doly ynanýandygyny beýan etdi.

BAE-niň Türkiýäni esasanda söwda, tehnologiýa, energetika, howpsuzlyk we azyk ugurlarynda esasy hyzmatdaş kabul edýändigini aýdan Al Nahýan, sebitdäki wakalar bilen Türkiýäniň hem ýakyndan gyzyklanýandygyny, ikiýurduň borjunyň bu wakalary oňyn taýdan goldamakdygyny aýtdy.

Al Nahýan BAE-niň Türkiýe bilen Müsüriň arasyndaky gatnaşyklaryň ilçiler derejesine göterilmegine kanagatlanma bildirdi we resmi Ankara bilen Kairiň arasyndaky ýakynlaşmany bütin sebit üçin oňyn waka hökmünde häsýetlendirdi.

BAE tarapyndan noýabr aýynda Dubaide geçiriljek JOP 28 Howa maslahahatyna Türkiýäniň ýokary derejede gatnaşmagyna aýratyn ähmiýet berýandiklerini aýdan Al Nahýan, dünýäni geljek nesiller üçin goramak üçin howa daşky gurşaw boýunça çözgütleri tapjakdyklaryny beýan etdi.

Al Nahýan Prezident Erdogan bilen duşuşygy hakynda Twitterden habarnama berdi.

BAE bilen Türkiýäniň arasyndaky özara gatnaşyklary ösdürmägi, ykdysady we galkynyş hyzmatdaşlygyny halklarynyň bähbidine ösdürmek hakynda pikir alyşandyklaryny nygtan Al Nahýan, Erdogan bilen sebitiň halkynyň bähbidine boljak parahatçylygy, durnuklylygy we abadançylygy goldamak üçin şertleri seljerekdiklerini beýan etdi.

Duşuşyk bilen bagly fotosuratlary hem paýlaşan Al Nahýan “Adu Dabide Erdogan bilen duşuşanyma hoşal” diýip ýazdy.

Ýene degişli makalalar

Türkiyäniň Prezidenti Bütindünýä howa Sammitine gatnaşýar
Merkezi Aziýa Ýurtlarynyň Arap Ýurtlary Bilen Gatnaşyklary
TBMM-niň başlygy BAE-niň Döwlet baştutany bilen duşuşyk geçirdi
Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýewraziýa sebitinde ýerleşýän ýurtlar bilen edýän gatnaşyklary
Türkmenistanyň Lideri Abu Dabi Şäherine Sapar Etdi
Jewdet Ýylmaz Bilen Mehmet Şimşek Birleşen Arap Emirliklerinde Saparda Bolýar