“Nahal” hojalyk jemgyýeti Arçmanda täze binalar toplumyny gurar

“Nahal” hojalyk jemgyýeti Arçmanda täze binalar toplumyny gurar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Karary esasynda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky “Arçman” şypahanasynda taslamalary düzmek we gurmak üçin “Nahal” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.

Degişli Karar bar bolan mineral suwlaryň, şypahana bejerişiniň dürli ugurlaryny ylmy esasda öwrenip, olaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak boýunça giň gerimli işleri amala aşyrmak maksady bilen kabul edilip, oňa laýyklykda goşmaça täze 400 orunlyk bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň taslamasy düzülip, döwrebap enjamlar bilen üpjün ediler we onuň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp gurlar. Şeýle hem, “Nahal” hojalyk jemgyýeti şypahanada ozal bar bolan “A” we “B” binalaryň durkuny täzelemek işlerini amala aşyrar.

Şertnamada binalar toplumy üçin elektrik, aragatnaşyk, gaz, suw üpjünçiliginiň we lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inženerçilik ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň durkuny täzelemek ýa-da täzelerini gurmak, olary umumyşäher ulgamyna birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek göz öňünde tutulandyr.

Resminama laýyklykda, gurluşyk işlerine 2023-nji ýylyň noýabr aýynda başlamak we binalar toplumyny 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Şeýle hem, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Karary esasynda, Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasyna Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda kuwwatlylygy 1574 megawat bolan, utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasyny we ony energoulgama birikdirmek üçin gerek bolan elektrik geçiriji ulgamlary gurmak hem-de bar bolan döwlet elektrik stansiýalary üçin zerur bolan ätiýaçlyk şaýlary satyn almak barada Türkiýe Respublikasynyň “Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Şertnamada elektrik stansiýasy üçin elektrik, aragatnaşyk, gaz, suw üpjünçiliginiň we lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inženerçilik ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň durkuny täzelemek ýa-da täzelerini gurmak, olary umumy şäher ulgamyna birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek göz öňünde tutulandyr.

Gurluşyk işlerine 2023-nji ýylyň noýabr aýynda başlamak we desgany 2027-nji ýylyň maý aýynda ulanmaga doly taýýar edip bermek tabşyryldy.

Ýene degişli makalalar

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň mejlisi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 15-nji mejlisinde birnäçe resminama gol çekildi
Täze onkologiýa hassahanalarynyň ýurtda 'köpelýän' düwün keseline garşy göreşmegine bil baglanýar
Prezident Arçman şypahanasynda täze Bejeriş merkezini gurmak barada Karara gol çekdi
Prezident Erdogan Milli Bag ekiş güni mynasybetli wideo ýüzlenme bilen çykyş etdi
Bizden öňküler ekdi (türk ertekisi)