Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň bu sanynda Harezm döwründe ýazylan Nahajul Faradis atly eseriň türki dile goşan goşandy we onuň awtory hakynda maglumat bermekçi.
“Jennetleriň açyk ýoly” manysyny aňladýan Nahajul Faradis Harezm döwrüne degişli esasy eserlerden biridir. Eseriň awtory Mahmud bin Alidir. Awtory hakynda çeşmelerde çäkli maglumat bar. Awtor Harezmiň Kerder şäherinde dünýä inýär we 1360-njy ýylda dünýeden ötýär. Eserini 1358-nji ýyldan öň ýazandygy bilinýär.
Nahajul Faradis, kyrk hadys görnüşinde proza we 444 sahypadan ybarat didaktiki eserdir.Dört bapdan we kyrk bölümden ybarat.Her baby bir hadys bilen başlaýar.Hadysyň türki dildäki terjimesi berilenden soň “tanymal musulman alymlarynyň eserlerinden şol hadysyň manysyny düşündirýän garaýyşlar we hekaýatlar” berilýär.
Başga hadyslar we aýatlar bilen bolsa mowzuk düşündirilmäge çalşylýar.Birinji bap, Muhammet pygamberiň fazylatlary we ömri hakynda.Wahýi, Medinä göç, magraç we pygamberiň ölümi bu bapda beýan edilýär.
Ikinji bap; dört halyf, ähli-beýt; olar Hezreti Patma, Hasan, Hüseýin we dört messebiň ymamlary hakynda. Üçünji bap; Allaga ýakynlaşdyrýan amallar hakynda.Namaz, zekat, oraza, haj, ene-ata hyzmat, halal iýmek, sabyr we beýleki ýagşy işler bu bapda beýan edilýär.
Dördünji bap; Alladan daşlaşdyrýan erbet amallar hakynda.Nähak gan dökmek, zyna, içgi, tekepbir, ýalan dünýäni söýmek, öýke-kine, duşmançylyk, ulumsylyk we gaflat ýaly ýaman işler bu bapda beýan edilýär.
Nahajul Faradisiň göwrümine garalanda Harezm döwrüniň esasy eseri bolandygy jedelsizdir. Şeýle hem alymlar awtoryň “sada we açyk” usulyýeti saýlap alandygyny, onuň halka wagyz etme maksadyndan gelip çykýandygyny beýan edýärler.
Awtor eserinde hereketlerden hem peýdalanyp, düşündirmek isleýän mowzugynyň has düşnükli bolmagyny ýola goýupdyr.Her bir temany düşündirişli didaktiki eserler bilen baýlaşdyryp, temalary iňňän aç-açan beýan edipdir. Şol döwürde Gurhanyň türkiçe terjimeleriniň hem edilendigini göz öňünde tutanymyzda, awtor Gurhanyň terjimelerine halkyň düşünmeginiň kyndygyny pikir edip, onuň özi hem terjimeler edip, düşündirişlerini giňden berip, gündelik durmuşda gepleşilýän dili saýlap alypdyr.
Awtoruň bu usulyýeti saýlap almagynyň sebäbi yslam dinine çuňdan düşünilmegini gazanma tagallasydyr.Halka gündelik durmuşda musulmançylygy nähili ýaşamalydygyny görkezme tagallasydyr.
Nahajul Faradisiň biziň döwrümizde 11 nushasy bar. Olar; Stambulyň Süleýmaniýe kitaphanasyndakysy arassa göçürilen nusgasy Ýeni Jami bölümi nusgasydyr. Gazanly alym Şyhabettin Marjani kitaphanasyndaky nusgasynyň soňky ýyllarda ýitendigi beýan edilýär. Pariž nusgasynyň başy we soňy ýok. Gazan döwlet uniwersitetinde iki, Gazan döwlet pedagogika institutynda bir nusgasy saklanýar. Sankt Peterburgda Ylymlar Akademiýasynyň Gündogary öwreniş instituýtynda iki nusgasy bardyr.
Nahajul Faradisyň üstünde Zeki Welidi Togan, Fuat Köprüli, Ýanos Ekman, Ali Fehmni Karamanogly, Osman Nedim Tuna, Aýsu Ata ýaly tanymal alymlar işläp, ony ylym dünýäsine tanyşdyrypdyr.
Belläp geçişimiz ýaly Nahajul Faradis Ort Asyr türki dili, medeniýeti we sungady bilen bagly ylmy barlaglar üçin iňňän möhüm orun tutýan baý maglumatlary özünde jemleýän eserdir.