Nah mataly kagyz işi.Halkara Zähmet Guramasy (HZG) Türkmenistanyň mejbury zähmeti gadagan etmek baradaky Konwensiýany berjaý edişine seretdi 8-nji iýunda Ženewada bolup geçen Zähmetiň Halkara Konfederasiýasynyň 109-njy sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň pagta meýdanlarynda mejbury zähmeti ulanmak problemasy ara alynyp maslahatlaşyldy.
Iş ýüzünde mejlisde çykyş edenleriň ýekeje-de biri hem türkmen býujetçileriň Işden kowulmak gorkusy astynda öz wezipe borçlaryna girmedik işleri ýerine ýetirmäge mejbur edilýändiklerine şübhe bildirmedi.Diňe hemişekisi ýaly ýurtda mejbury zähmetiň düýbünden ýoklygy barada şu çaka çenli hemmäni ynandyryp gelen Türkmenistanyň resmi wekilleriniň çykyşlary kadadan çykma ýaly boldy.