Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2019 - 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna hem-de Türkmenistanda 2019 - 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda milli bank ulgamyna sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.Sanly tehnologiýalaryň giňden peýdalanylmagy ýurdumyzyň karz edaralarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we müşderilere bökdençsiz bank hyzmatlaryny hödürlemäge mümkinçilik berýär.
Halk bähbitli maksatlara gönükdirilen, döwrebap çözgütleriň biri hasaplanylýan sanly ykdysadyýete başgaça elektron ykdysadyýet hem diýilýär.Munuň esasy sebäbi ykdysadyýetiň bu görnüşinde elektron tehnologiýalaryň giňden ulanylýandygy bilen delillendirilýär.
Häzirki wagtda bütin dünýäde bolşy ýaly, Türkmenistan döwletimizde hem milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny sanlylaşdyrmak, hyzmatlary döwrebap talaplara laýyklykda ýola goýmak boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Bank ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär, ilata hödürlenilýän bank hyzmatlarynyň hili has-da ýokarlandyrylýar, elýeterliligi üpjün edilýär.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň täze innowasion ugurlarynda, senagatda, logistikada, söwda-ykdysady gatnaşyklarynda, ylmy-tehnologik we maýa goýum gatnaşyklarynda döwrebap taslamalar durmuşa yzygiderli geçirilýär.
Bank ulgamy milli ykdysadyýeti maýa goýum serişdeleri bilen üpjün etmekde uly ähmiýete eýe bolup, bu ulgamyň sanlylaşdyrylmagy işewürlik mümkinçiliklerini artdyrmaga, bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, nagt däl hasaplaşyklar ulgamyny ösdürmäge, hyzmatlaryň täze döwrebap görnüşlerini hödürlemäge, harajatlary we wagty tygşytlamaga ýardam berýär.
Hazirki wagtda Türkmenistanyň karz edaralarynda nagt däl hasaplaşyklary has-da ösdürmek, pul dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, hödürlenilýän hyzmatlary online tertipde amala aşyrmak, bank kartlary arkaly toleg ulgamynyň ýaýrawy giňeldilýär. Hususan-da, müşderiler Internet-bank we Mobil-bank hyzmatlarynyň üsti bilen banka barmazdan ýurdumyzyň islendik künjeginden töleglerini amala aşyryp bilýärler.
Sanly ykdysadyýete geçmekde aragatnaşyk ulgamyny osdürmegiň çäklerinde kämil maglumat geçiriji ulgamy gurnalýar. Bu ulgam ýurdumyzda elektron söwda hyzmatlarynyň ýaýbaňlandyrylmagyna, elektron resminama dolanyşygynyň ösdürilmegine, maglumat geçirijiliginiň we önümçiligiň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýär.
Ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, bank kartlaryndan peýdalanyjylara hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak hem-de bank ulgamyna döwrebap hyzmatlary ornaşdyrmak maksady bilen geçirilýän işleriň çäklerinde bank kartlarynyň üsti bilen, hakyky wagt tertibinde hasaplaşyklary geçirmek üçin Internet-bank hem-de Mobil-bank ulgamlary hem hereket edýär.
Her bir raýat degişli karz edarasyna baryp şahsy bank hasabyny Internet-bank hem-de Mobil-bank hyzmatlaryna birikdirmek arkaly bu hyzmatlaryň amatlyklaryndan peýdalanyp bilýär.
Hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary bilen milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna täze sanly innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň netijesinde Türkmenistanyň degişli karz edaralary “Türkmendemirýollary” we “Türkmenawto-ulaglary” agentlikleri bilen bilelikde bank kartlaryny ulanyp, demirýol peteklerini hem-de şäherara ugurlarda gatnaýan awtobuslarda petekleri internet ulgamynyň üsti bilen nagt däl görnüşinde satyn almak mümkinçiligi döredildi.
Bulardan başga-da, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň hödürleýän hyzmatlary hem häzirki wagtda sanly ulgam arkaly amala aşyrylýar.Muňa mysal hökmünde Türkmenaragatnaşyk agentliginiň poçta hyzmatlaryny internet arkaly ulanmak we tölemek, Altyn asyr ýapyk görnüşli paýdarlar jemigyýetiniň Töleg programmasy arkaly öýjükli telefonlaryň hasabyny doldurmak, Aşgabat şäher telefon ulgamynyň hyzmatlary üçin tölegleri internet arkaly hakyky wagt tertibinde özbaşdak geçirmek milli ykdysadyýetimiziň täze ugurlarynyň döwrebap derejede ösýänliginiň aýdyň subutnamasydyr.
Senagat pudaklarynda sanly innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy uglewodorod serişdeleriniň hem-de magdanlary gözlemegi, gazyp almagy we gaýtadan işlemegi dolandyrmagyň netijeliligini we hasabatlylygyň takyklygyny ýokarlandyrmaga, ýitgileri azaltmaga, zähmet öndürijiligini we önümçiligiň howpsuzlygyny artdyrmaga ýardam berýär.
Sanly ykdysadyýete mahsus bolan maddy däl häsiýetlere baglylykda, Sanly ykdysadyýet adaty ykdysadyýetde bar bolan çäklendirmeleri aradan aýyrmaga mümkinçilik berýär. Dolandyryş, maliýe, onümçilik, durmuş we beýleki ulgamlara sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy ykdysadyýetiň oňyn netijeleriniň artmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine, ýurduň dünýä ykdysadyýetinde tutýan ornunyň pugtalanmagyna, bäsdeşlige ukyplylygynyň ilerlemegine, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna ýardam berýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan bank ulgamyndaky özgertmeleriň ählisi ýurdumyzyň raýatlarynyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga, olaryň ýaşaýyş-durmuş derejelerini dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine ýetirmäge gönükdirilendir.
Halkymyzyň abadançylygy, rowaçlygy ugrunda ýadawsyz tagallalar edýän, bize şeýle ajaýyp zamanamyzda netijeli işlemäge şert döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun. Il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Azat Ýangibaýew, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Lebap welaýat şahamçasynyň Pul dolanyşygyny kadalaşdyryş bölüminiň başlygy