Näzli tans topary Nýu-Delide geçiriljek tans we aýdym-saz festiwalyna gatnaşar

Näzli tans topary Nýu-Delide geçiriljek tans we aýdym-saz festiwalyna gatnaşar

Näzli tans toparynyň agzalarynyň 11-si Nýu-Delide geçiriljek Halkara tans we aýdym-saz festiwalyna gatnaşar.

Şunuň bilen baglylykda, Hindistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Widhu Pithambaran Nair toparyň agzalary bilen duşuşyp, olara üstünlik arzuw etdi. Şeýle hem festiwal we Hindistan barada söhbet etdi.

Nýu-Delidäki festiwal 18-nji oktýabrdan 20-nji oktýabr aralygynda geçiriler. Näzli tans toparynyň festiwala gatnaşmagy Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky Hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň çäginde amala aşyrylýar.

Hindi ilçihanasynyň sosial ulgamlarynda habar berilişi ýaly, Näzli tans topary azyndan iki festiwal meýdançasynda çykyş eder diýlip garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Näzli tans toparynyň agzalary Halkara tans we aýdym-saz festiwalyna gatnaşar
Näzli tans topary Nýu-Delide geçirilen 9-njy Halkara tans we aýdym-saz festiwalyna gatnaşdy
Näzli tans topary Hindistanda geçirilen IX halkara festiwalynda çykyş etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýä resmi sapary amala aşyrar, Türkmenistanda içerki pasportyň täze nusgasy tassyklandy, Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ömrümiň manysy atly kitabynyň rus dildäki neşiriniň tanyşdyrylyşy geçirildi we beýleki habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti baýramçylyk konsertine tomaşa etdi
Türkmenistanly sungat ussatlary Duşenbede geçiriljek medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertinde çykyş eder