Näzli tans topary Nýu-Delide geçirilen 9-njy Halkara tans we aýdym-saz festiwalyna gatnaşdy

Näzli tans topary Nýu-Delide geçirilen 9-njy Halkara tans we aýdym-saz festiwalyna gatnaşdy

Näzli tans topary 18 — 20-nji oktýabrda Nýu-Delide geçirilen 9-njy Halkara tans we aýdym-saz festiwalyna gatnaşar.

Festiwal maksatnamasyna görä, Näzli tans toparynyň çykyşy 20-nji oktýabrda Yrak, Taýwan we Russiýanyň sungat işgärleri bilen bir sahnada geçirildi.

Festiwal Hindi medeni gatnaşyklar geňeşi tarapyndan guraldy we 12-den gowrak ýurtdan döredijilik toparlary çykyş etdi.

Türkmen tans toparynyň festiwala gatnaşmagy Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky Hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň çäginde geçirildi.

Mundan ozal Näzli tans toparynyň Nýu-Delidäki Halkara tans we aýdym-saz festiwalyna gatnaşjakdygyny habar beripdik.

Ýene degişli makalalar

Näzli tans topary Hindistanda geçirilen IX halkara festiwalynda çykyş etdi
Näzli tans toparynyň agzalary Halkara tans we aýdym-saz festiwalyna gatnaşar
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýä resmi sapary amala aşyrar, Türkmenistanda içerki pasportyň täze nusgasy tassyklandy, Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ömrümiň manysy atly kitabynyň rus dildäki neşiriniň tanyşdyrylyşy geçirildi we beýleki habarlar
Näzli tans topary Nýu-Delide geçiriljek tans we aýdym-saz festiwalyna gatnaşar
Aşgabatda döwlet bagşyçylyk bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi, Türkmenistanyň Lebap welaýatynda 3,5 müň maşgala üçin şäherçeler gurulýar, Apple iPhone 15 nesline degişli smartfonlaryny tanyşdyrdy we beýleki habarlar
Türkmenistanly sungat ussatlary Duşenbede geçiriljek medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertinde çykyş eder