
Näzli tans topary 18 — 20-nji oktýabr aralygynda Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde geçirilen IX halkara tans we aýdym-saz festiwalyna gatnaşdy.
Halkara festiwalyň maksatnamasyna görä, Näzli tans topary 20-nji oktýabrda Yrak, Taýwan, şele-de Russiýa Federasiýasynyň sungat ussatlary bilen bir sahnada çykyş etdiler.
Halkara tans we aýdym-saz festiwaly Hindistanyň medeni gatnaşyklar merkezi tarapyndan gurnaldy. Onda 12-den gowrak ýurtdan gelen döredijilik toparlary çykyş etdiler.
Türkmenistan döwletimiziň döredijilik toparynyň halkara festiwalda çykyş etmegi ýurdumyz bilen Hindistanyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.
Ýadyňyzda bolsa, biz mundan ozal Näzli tans toparynyň Nýu-Delide geçiriljek halkara tans we aýdym-saz festiwalynda gatnaşjakdygyny habar beripdik.